Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropanyň howa syýahat krizisi 4-nji gününe girdi


Islandiýada bolan wulkan partlamasyndan göterilen äpet tüsse buludynyň Ýewropanyň howa syýahatyny togtamasy dördünji gününe girdi.

Demirgazyk we Merkezi Ýewropanyň, Britaniýadan Ukraina çenli bolan howa giňişliginiň köp bölegi doly ýa bölekleýin ýapyk.

Bu ýagdaý şenbe gün 17 müň çemesi uçar gatnawynyň togtadylmagyna getirdi.

Tüsse buludy günorta-gündogara süýşýär we şu gün Bolgariýa hem öz howa giňişligini ýapýandygyny aýtdy. Emma holland we german howa ýollary tüsse buludynyň täsiri ýeten ýerlerde synag uçarlaryny uçurýandyklaryny we ol ýerde hemme zadyň kadaly görünýändigini aýdýarlar.

Luftanza duşenbe güni öz käbir hyzmatlaryny gaýtadan başlamaga rugsat berilmegi üçin awiasiýa häkimiýetlerine basyş etjegini aýdýar.

On müňlerçe ýolagçynyň syýahat etmegiň başga ýoluny agtaryp başlamagy bilen howa ýollarynyň günde 200 million dollar ýitirýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG