Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Afinyda çarşenbe güni gepleşikler başlanar


Ýewropada howa aragatnaşygynyň çäklidigi üçin Gresiýa maliýe kömegini bermek baradky gepleşikleriň hepdäniň çarşenbe gününe galdyrylandygyny Gresiýanyň maliýe ministri habar berdi.

Afinyde gepleşikler hepdäniň duşenbe gününe planlaşdyrylypdy. Oňa Ýewrokomissiýanyň, Ýewropanyň merkezi bankynyň we Halkara pul fondunyň wekilleri gatnaşmalydy.

Gepleşikleriň baş temasy Gresiýanyň üç ýyllyk ykdysady plany we Ýewrozolaga girýän ýurtlardan hem Halkara pul fondundan diňe resmi haýyş edilen halatyndan Gresiýa maliýe kömegini bermek meselesidir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG