Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen Norwegiýa serhet barada ylalaşyga gol çekdi


Şu gün Orsýet bilen Norwegiýa Barens deňzindäki dawaly serhet raýonlaryny anyklamak boýunça deslapky ylalaşyga gol çekişdiler.

“Bu ylalaşyk territorial dawalary kadalaşdyrmak prosesiniň döwurleýin başlanmagyny göz öňünde tutýar” diýip, Osloda Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew bilen gepleşiklerden soň Norwegiýanyň premýer-ministri Ens Stoltenberg belledi.

Öz gezeginde Orsetiň prezidenti serhetleri açyklamaga degişli taýýarlanamaly ähli şertnamalar boýunça tehniki işlere ýakyn wagtlarda başlanjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG