Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda täze konstitusiýa halkyň maslahatyna goýuldy


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümeti düýn täze konstitusiýanyň taslamasyny maslahata goýdy. Onda parlamentiň kanuny güýjüni artdyryp, prezidentiň ygtyýarlygyny çäklendirmek bilen, ýurduň syýasy sistemasyny üýtgetmek göz öňünde tutulýar.

Wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçylarynyň aýtmagyna görä, teklip edilýän Baş kanun 27-nji iýuna planlaşdyrylan referendumda halkyň ses bermegine goýlar.

Ýurduň häzirki ýolbaşçylary: “Bu özgerişlerden maksat geljekde ähli syýasy güýjüň prezidentiň elinde jemlenmegine ýa onuň prezidentiň tarapyny çalýan partiýalaryň üsti bilen parlamente kontrollyk etmegine ýol bermezlik” diýýärler.

Kurmanbek Bakyýewiň elinde aşa köp syýasy güýjüň jemlenmegi ozal halkyň düýpli närazylygyna getirdi we ýaňy-ýakynda onuň häkimiýet başyndan kowulmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaýy döreden sebäpleriň ýene biri Gyrgyzystanyň 90 orunly parlamentinde hem 71 ornuň häkimiýet başyndaky ”Ak ýol” partiýasynyň elinde bolmagydyr.

Täze konstitusiýanyň tapawudy

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň direktory Çoroýew Baş kanunyň taslamasyny şeýle düşündirýär: “Bu Baş kanuna göra, hökümet strukturasyny düzmekde esasy roly parlament oýnar. Hökümeti haýsy partiýanyň gurmalydygyny parlament kesgitlär. Prezidentiň ygtyýarlylygyny deňagramlaşdyrmak üçin hem onuň köpräk erki we guraly bolar. Teklip edilýän parlament strukturasynyň esasy aýratynlygy onuň köp partiýaly sistemadan emele gelýänligi. Ol diňe häkimiýet başyndaky partiýany däl, eýse beýleki partiýalaryň hem birnäçesini öz içine alar”.

Kanun öwreniji Işenbaý Kadyrbekow bu taslamany taýýarlanlaryň biri. Ol: “Häkimiýetiň ýerine ýetiriji şahasyna kontrollyk Baş kanunyň esasynda amala aşyrylar” diýýär.

“Gyrgyzystanda ozal ýagdaý nähilidi? Esasy prinsip prezident respublikasydy. Onda ýerine ýetiriji häkimiýeti kesgitleýän prezidentdi. Täze konstitusiýada esasy prinsip ýerine ýetiriji häkimiýeti halk wekilleriniň, kanun çykaryjylaryň kesgitlemegi. Şeýlelikde, Gyrgyzystanda hökümeti gurmakda esasy ygtyýar parlamente berilýär” diýip, Kadyrbekow belleýär.

Täze konstitusiýanyň taslamasyny ýazanlaryň ýene biri wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýew. Onuň aýtmagyna görä, sesleriň aglaba köplügini alsa-da, hiç bir syýasy partiýa parlamentde 50 prosentden ýokary orun berilmez.

Tankyt edýänlar-de bar

Teklip edilen özgerişleri tankytlaýanlar-da bar. Olaryň garaýşyça, parlamentdäki orunlaryň paýlanyşy saýlawyň netijelerine bagly bolmaly.

Oktýabrda parlament we prezident saýlawlary geçýänçä, öz ornunda galjak wagtlaýyn hökümetiň ýolbaşçylary syýasy partiýalara parlamente girmäge köpräk mümkinçilik döretjekdiklerini aýdýarlar.

Öňki kanunda bolşy ýaly, täze konstitusiýa boýunça hem bir adam prezidentlige bäş ýyl möhlet bilen diňe iki gezek saýlanyp bilner.

Teklip edilen Baş kanunda üýtgän esasy zat - Merkezi saýlaw komissiýasy düzülende kimiň gepiniň ýöreýänligi. Bu komissiýa ozal kontrollyk edýän prezidentiň býurosydy. Indi bolsa prezident 13 agzanyň diňe üçüsini belläp ýa boşadyp bilýär.
XS
SM
MD
LG