Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýanyň lideri maliýe kömegine uly umyt baglaýar


Şu gün Gresiýanyň premier-ministri maliýe krizisi zerarly öz milletiniň geljegine howp abanýandygyny mälim etdi.

Bu barada parlamentde deputatlaryň öňünde eden çykyşynda Georgios Papandreu Ýewropa Bileleşigi hem-de Halkara Walýuta fondu tarapyndan wada berlen 45 milliard ýewronyň 19-njy maýa çenli berilmeginiň zerurdygyny ýene bir gezek nygtady.

Şu agzalýan ýardam berlen halatynda Gresiýa defolta, ýagny, döwlet hökmünde bankrotlyga uçramakdan halas bolar diýip Gresiýanyň premýer-ministri belledi.

Ýewropa Komissiýasynyň ýolbaşçysy Žose Manuel Barroza ýakyn günlerde Gresiýa kömek meselesi baradaky gepleşikleriň jemlenjekdigine ynam bildirdi.
XS
SM
MD
LG