Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Ýorkda terror hüjümine synanyşyk edildi


Düýn Nýu-Ýorkda, Taýms-skwerde bir ýeňil maşynyň içine ýerleşdirilen partlaýyjy enjam partladylmanka, bu wakanyň öňi alyndy.

Maşynyň içinden çykýan tüssäni gören bir ýerli raýat bu barada polisiýa habar berensoň, organ işgärleri bu partlaýyjy enjamy dessine zyýansyzlandyrdylar.

Birleşen Ştatlaryň resmileri bu enjamyň “öwrenjelik bilen ýasalan” enjamdygyny, ýöne muňa garamazdan, onuň hakykatdanam howply enjamdygyny aýdýarlar.

Talyplar öz üstlreine aldylar

Bu wakanyň yzy bilen, bomba goýlan maşyny partlatmaga synaşygyň jogapkärçiligini Pakistandaky talyp hereketi öz üstüne aldy.

Nýu-Ýorkyň polisiýa edarasynyň başlygy Reýmond Kelli bu terakta synanyşyga talyplaryň gatnaşygy baradaky informasiýanyň heniz resmi ýagdaýda tassyklanmandygyny aýtdy.

Internetdäki saýtlaryň birinde ýekşenbe güni ýerleşdirilen beýannamada bu terror hüjümine synanyşygyň ýakynda öldürilen iki sany ekstremist lider üçin ar alyş çäresi hökmünde gurnalandygy aýdylýar.

Amerikan häkimiýetleri güman edilýänler barada häzirlikçe maglumat bermeýärler, ýöne bu wakany terrorçylykly iş diýip atlandyrýarlar.

Nýu-Ýorkuň baş turistik obýektleriniň biri bolan Taýms-skwerde gurnalmaga sanynyşylan bu hüjümi gurnaýjylary tapmak boýunça derňew işleri alnyp barylýar.

Polisiýanyň resmileri içi bombaly maşyny goýan “akýagyz” bir adamyň şol ýere golaýdaky bir wideo kamerada ýazga duşendigini aýdýarlar, ýöne ol adamyň kimdigi ýa kim bolup biljekdigi barada heniz anyk garaýyşlary öňe sürmeýärler.
XS
SM
MD
LG