Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beýik Britaniýada parlament saýlawlary geçirilýär


Şu gün Beýik Britaniýada parlament saýlawlary geçirilýär. Ýurtdaky uly üç syýasy partiýanyň - Konserwatorlaryň, Leýboristleriň hem Liberal demokratlaryň - liderleri Dewid Kameron, Gordon Braun hem Nig Klegg öten agşam çagyryş bilen saýlawçylara ahyrky sapar ýüzlendiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Londondan beren habaryna görä, Britaniýanyň täze taryhynda ilkinji gezek Konserwatiw we Leýboristler partiýalarynyň darkaşyna üçünji güýç – Leberal - demokratik partiýa goşulypdyr.

Soňky geçirilen jemgyýetçilik pikir soralyşygynyň netijelerine görä, saýlawçylaryň 37 prosenti konserwatorlary, 28 prosenti leýboristleri, 27 prosenti liberal - demokratlary goldaýar.

Saýlawlara şeýle-de Ýaşyllar partiýasy, Britaniýanyň Ýewrobilelşikden çykmagy barada çykyş edýän Birleşen patyşalygyň garaşsyzlygy partiýasy hem sagçy radikal Britaniýanyň milli partiýasy gatnaşýar.
XS
SM
MD
LG