Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belki, ýalňyşýansyňyz, jenap generallar?


Türkmenistanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň “Galkan-2010” at bilen geçirilen harby-taktiki okuwlar baradaky habary Golliwudyň harby blokbasterini ýada saldy.

Türkmenistanyň harby kuwwatyny çişirip görkezmek boýunça türkmen propagandasynyň alyp barýan işini tankytçylar emelsiz iş diýip atlandyrýarlar hem armiýanyň we ýaraglaryň hakyky ýagdaýynyň “bir gowulaşaýsady” diýdirýändigini belleýärler.

Emma ýerli ideologlar her bir wakany jemgyýet üçin çişirip, ony ahlak sapagyna öwürmäge çalyşýar. “Galkan-2010” okuwam edil şonuň ýaly boldy.

Pöwhe sözleriň fonunda ylaýta-da prezidentiň isleg-arzuwy aýratyn ýiti ýaňlandy. Ol türkmen esgerlerini “gadymdan bäri türkmenler üçin däp bolup gelýän watançylygy, ata Watana söýgi hem wepalylygy dowam etdirijiler” diýip atlandyrdy.

Ýurtda dowam edýän ýagdaý bilen watançylyk düşünjesiniň birleşmesine ýitilik siňdirilipdir. Ýurtda dowam edýän ýagdaýy köpler režim diýip atlandyrýarlar. Häzirki häkimiýet ony S.Nyýazowyň diktaturasyndan miras aldy.

Geň galmaly zat, köpçülikleýin watançylygyň peýda bolýan ýolunda häzirki taýaga daýanýan sistema dikeldi. Inisiatiwany basyp ýatyrýan emeldarlar bilen bagly gatnaşyklar boýunça adamlardan watançylyk duýgusyna garaşmak hakykata gabat gelmez.

Döwlet gaznasyndan ogurlap oturan býurokratlary halk köpçüliginiň gowy görmegini, söýmegini göz öňüne getirmek mümkin däl. Ministrler Kabinetiniň maslahatlarynda prezidentiň özi gürrüňi edilýän çinowniklere gazaply daramaly, olara temmi bermeli bolýar.

Harby goşunyň häkimiýetlere gep-gürrüňsiz tabyn bolmalydygyny beýnilere zor bilen dykmak isleýän, şu ugurda iş alyp barýan ululy-kiçili ideologiýa işgärlerine ýönekeý graždanlar, onda-da ýurduň ýaşlary ynanyp bilmezler.

Türkmen jemgyýetiniň sosial problemalary barasynda çynlakaý iş alnyp baryldymy? Hökümetiň tekliplerini jemgyýet nähili goldaýar? Sag-aman aýak üstünde durmak, ölmez-ödi durmuşy tigirlemek isleginden başga jemgyýetiň nähili isleg-bähbitleri bar? Türkmen sosiologiýasy diýlen zat barmy? Ýa gamçynyň zory barka ol häkimiýetlere derkar dälmi?

Kimiň agzybirligi?

Köp onýyllyklaryň dowamynda gorky duýgusy berk ornaşansoň, türkmenleriň durmuş barada nähili oýlanýandyklaryny bilmek, anyk bir zady tassyklamak kyn ýa asla mümkinem däl. Şol gorky Stalin döwründe güýçlümidi ýa ähli çäkden çykyp, eden-etdilige ýüz uran Nyýazow döwründe güýçlümidi?

Adamlar watany däl-de, düýpden azatlyk bermeýän režimi goraýandygyny bilip durka, hakyky watançylyk barada nähili gürrüň bolup biler?! Beýik Watançylyk urşunda Staliniň däl-de, halkyň ýeňendigi baradaky gürrüňleri häli-şindi eşitmek mümkin. Gahryman türkmenler Gökdepe urşunda hökümdar üçin däl-de, öz topragyny gorap, baş goýdular. Hiç bir propagandist olary urşa çagyrmandy.

Şol bir wagtda-da “Galkan-2010” harby tälimini mahabatlandyrmak bilen ideologiýa “Biziň agzybirligimize hyýanat etmäge islendik synanyşyga ýurduň graždanlary garşy durmalydyr” diýip tassyklaýar.

Ýene-de intellektual bulaşyklyk, garym-gatymlyk, paradoksyň paradoksy! Kimiň agzybirligi? Kim kim bilen agzybir? Ýönekeý adamlar rehimsiz býurokratik maşyn bilen agzybir bolmaly bolýar-da! Ýa-da ýurdy demir gulpuň aňyrsynda saklaýan serhet hem migrasiýa gulluklaryny, jeza beriji organlary gowy görüp, ölüp-öçüp barmalymy?

Özüniň möwriti öten usullary, metodlary bilen propaganda adamlarda watana söýgüni däl-de, karýerizmi, wezipeparazlygy ornaşdyrýar. Ýöne türkmenler karýera, wezipe üçin ölüme taýýar bolmaz. Ine, şu meselede olar edil Gökdepe urşunda öz azatlygy üçin baş goýuşlary ýaly agzybir. 150 ýyl mundan öňki, ýasama däl-de, hakyky watançylyk olar baradaky hakydany, hatyrany saklap gelýär. Häkimiýeti welin, gabanjaňlyk gurşap alýar.

Häkimiýet şol watançylyga kembaha garaýar. Nähili hormatsyz agzybirlik! Hiç kim tarapyndan ýok edilip bilinmejek oppozisiýa ýaly! Belki, bu dildüwşükdir?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG