Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Ýamandan set galar…»


Türkmen zenanlary gadym döwürlerden bäri öz durmuşlaryna täsir edýän her bir wakany dilden-dile geçirip aýdym edip aýdyp gelýärler.
Türkmen zenanlary gadym döwürlerden bäri öz durmuşlaryna täsir edýän her bir wakany dilden-dile geçirip aýdym edip aýdyp gelýärler.
Süzüler-ä süzüler,
Gara gözler süzüler,
Gaýrat ediň, doganlar,
Germaniýalar pozular.

Jaýyrdy-ha-jaýyrdy,
Bag şahasyn jaýyrdy,
German gursun, doganlar,
Bizi ýardan aýyrdy.

Türkmen zenanlary gadym döwürlerden bäri öz durmuşlaryna täsir edýän her bir wakany özleriniň dilden-dile geçirip aýdýan aýdymlary bolan «Lälelerine», «Hüwdülerine» salyp, aýdyp gelýärler. Halk döredijiliginiň bir şahasy bolan—gelin-gyzlar tarapyndan döredilýän «Lälelerde» hem «Hüwdülerde» Ikinji jahan urşunyň wakalary, şol sanda duşman tarapa degişli aýdylan ýürek sözleri hem giň orun tutupdyr.

Meniň jigim turupdyr,
Okun-ýaýyn gurupdyr,
Päli azan nemisiň
Gursagyndan urupdyr.

Ballym asla ölmesin,
Eken güli solmasyn,
Watanmyza nemisler
Indi gaýdyp çozmasyn
.

Gelin-gyzlaryň döredijiligi bolan «Lälelerde» hem «Hüwdülerde» şeýle setirleri näçe diýseň tapyp bolýar.

Urşuň pajygaly ýyllarynda ogullary hem ýan ýoldaşlary urşa gidip, olardan diňe ajy habarlar alyp duran sada zenanlar nemes halkynyň hem şol urşa hut türkmen ýigitleriniň mejbury ýagdaýda äkidilişi ýaly äkidilenini, Gitleriň faşistik partiýasynyň syýasaty netijesinde dörän Ikinji jahan urşunyň nemes halkynyň özi üçinem uly betbagtçylyk bolandygyny bilmeýärdiler. Uruşda wepat bolan ýarlary hem ogullary üçin aglamakdan başga zady bilmeýän ejizler bolan zenanlar öz döredijiliginde nemeslere, Germaniýa sögme kemini goýmandyrlar.

Türkmenlerde nakyl bar: «Ýagşydan at galar, ýamandan set…». «Set» diýmek— «päsgelçilik» diýmek. Ýaman adamyň dünýede goýup giden ýamanlygy onuň soňky nesilleri üçinem päsgelçilik döredip durýar. Nesilleriniň äden ädiminiň gapdalynda olara ýaman gep ýetip durýar.

Gitleriň özi awstriýaly bolsa-da, ondan nesil galmadygam bolsa, garaz, onuň dünýä ýaýradan uruş ody Germaniýanyň ady bilen, Germaniýanyň ýaşaýjylary bilen ýaýransoň, onuň dünýede goýup giden ýaman işi üçin igenç, sögünç eşitmeli, islense-islenmese, Germaniýa hem nemesler bolup galdy.

Türkmenler gylyksyz, rehimsiz adama «nemis», «faşist» diýip sögmegi gowy görýärler. Ýogsa, her bir halkyň arasynda ýagşylaryň hem ýamanlaryň bolşy ýaly, elbetde Germaniýada hem gowy adamlaryň sanynyň ýetikdigi düşnükli zat. Gitleriň faşistik partiýasynyň garşysyna göreşip, pida bolan germaniýaly gowy adamlar hakda sowet döwrüniň mekdeplerinde okadylardy. Häzir welin ol zatlardan halk bihabar. Ikinji jahan urşundan dolanyp gelen esgerleriň arasynda hem-de uruşdan soň Germaniýa Demokratik respublikasynda gulluk edip gelen esgerleriň arasynda nemes gyzyna öýlenip, ony hem Türkmenistana getirip, onuň bilen gol doly maşgala bolup ýaşanlar bar.

Her döwür - bir döwür bolýar. «Nemisiň ýekejesiniň aýagyny-da Watanymyza sekdirmeris» diýip, aýdymlarynda ýazan türkmenleriň Watany Türkmenistan bu günki gün Germaniýadan gelýän işewür nemes toparlaryna gujagyny açýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw respublikasynyň ykdysadyýet we tehnologiýalar ministri jenap Mihaýel Glossyň baştutanlygyndaky Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekillerinden ybarat delegasiýany kabul etmegi bilen bagly geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň taryhyna girdi. Beýle wekilçilikli delegasiýanyň türkmen ýurduna gelmeginiň türkmen-german hyzmatdaşlygynyň barha ýokary derejelere galýandygyndan habar berýändigini türkmenistanly analitikler belläp geçýärler. Türkmenistanda nemes kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýüzlerçe million ýewro barabar bolan maýa goýum taslamalarynyň 97-si bellige alyndy. Germaniýaly hyzmatdaşlar, ylaýta-da saglygy goraýyş ulgamynda Türkmenistan bilen ýakyn gatnaşykda boldular. Soňky döwürlerde bolsa nebit-gaz toplumynda bilelikdäki uly işler bitirilýär. Olaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda bu ugurdan uly taslamalaryň 44-si amala aşyryldy.

Ýatalyň-a-ýatalyň,
Gül ýassyga batalyň,

Ýurda giren nemisiň
Gursagyndan atalyň.


Her döwür - bir döwür. Şol goşgulary döredip, aglap dünýeden öten enelerimizi tirsegine daýandyryp, şu günleri synladyp bolsady! Gynansagam, şeýle mümkinçilik adamzatda ýok-da!

Çoluk Möwlamow aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG