Ýewropa Bileleşigine girýän ýurtlaryň maliýe ministrleri, Gresiýada bolşy ýaly, ýewro zonasyna girýän beýleki ýurtlarda-da ykdysady krizisiň döremeginiň öňüni almak üçin millionlarça ýewrodan ybarat fond döretmek baradaky teklip boýunça pikir alyşdylar.
ÝB-niň ýolbaşçylaryna salgylanylyp çap edilen maglumatlarda aýdylmagyna görä, 600 million ýewrodan ybarat fond dörediler. Bu serişdäniň 500 milliony ýewro zonasyna girýän ýurtlar hem-de Ýewrokomissiýa tarapyndan we galan 100 milliony bolsa Halkara Walýuta Fondy tarapyndan üpjün ediler.
ÝB ýewronuň durnuklylygyny goramak üçin çykalga tapmaga synanyşýar. Gresiýada dowam edýän krizis ýüze çykany bäri ýewronyň hümmeti barha pese gaçýar.
ÝB Gresiýa bilen bir hatarda Ýewro zonasyna agza beýleki ýurtlar bolan Ispaniýa, Portagaliýa we Irlandiýa hem kömek etmäge çalyşýar.
Gresiýa ÝB we Halkara Walýuta Fondy tarapyndan beriljek 110 milliard ýewrolyk karz pula jogap edip salgytlary artdyrmaga we býujetini bolsa azaltmaga mejbur.