Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Liberallaşdyryljak Jenaýat kodeksi kimlere bähbitli?


Türkmenistanyň Adalat ministrligi
Türkmenistanyň Adalat ministrligi

10-njy maýda Türkmenistanyň parlamenti öz nobatdaky maslahatynda täze kanunlaryň we düzgünleşdiriji hukuk aktlarynyň taslamalaryna garady. Garalan köp sanly kanuny proýektleriň hatarynda «Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek» hakyndaky kanunyň taslamasy-da bar.


Parlamentiň Jenaýat kodeksine girizen anyk üýtgetmeleri ýa goşmaçalary barada resmi habar çeşmelerinde heniz doly maglumat berilmese-de, jenaýatçylara berilýän iň ýokary tussaglyk möhleti 15 ýyla getirildi diýen maglumatlar halkara habar serişdelerinde peýda boldy. Mundan öň Berdimuhamedow jenaýatçylara berilýän iň ýokary jezanyň möhletiniň 25-den 15 ýyla getirilmelidigi barada teklip edipdi.

“Eger iň ýokary tussaglyk möhleti, hakykatdanam azaldylaýsa, ol Nyýazow döwründe 2002-nji ýylyň noýabr wakalary bilen bagly köpçülikleýin tussag edilen adamlaryň we käbir beýleki tussaglaryň ykbalyna nähili täsir ederkä?” diýen sorag hem döreýär.

Türkmenistanyň garaşsyz ýuristleriniň birleşmesiniň başlygy, häzirki wagt Günbatarda bosgunlykda ýaşaýan ýurist Timirhan Misrihanow, adatça, täze kanunlaryň geçenki döwre täsir etmeýändigini, ýöne käbir kadadan çykmalaryň bolup bilýändigini aýtdy.

«Halkara ýuridiki normalara laýyklykda, eger täze kanun adamlaryň ýagdaýyny ozalkydan agyrlaşdyrýan bolsa, onda ol geçenki döwre degişli edilmeýär. Eger adamlaryň ýagdaýyny ýeňilleşdirýän bolsa, onda ol geçenki döwre-de degişli edilýär. Ýöne, bilmedim, belki, Türkmenistanyň häkimiýetleri 2002-nji ýylyň noýabr wakasy bilen bagly tussag edilenler babatda aýratyn bir düzgün çykararlar? Belki, olar bu tussaglara degişli adaty normalardan daşgary düzgünleri kabul ederler?» diýip, T.Misrihanow belledi.

“Döwlet liderine bagly”

Adam hukuklaryny goraýjy türkmenistanly aktiwist W.Mämmedow Türkmenistanda iň ýokary tussaglyk möhleti berlen adamlaryň esasan Nyýazowyň göwnüne ýaramadyk ozalky çinownikler ýa-da oppozisionerlerdigini belläp, olaryň tussaglykdan boşadylmagyny zerur hasaplaýandygyny aýtdy.

W.Mämmedow bu meselede Staliniň režimi tarapyndan uzak möhletleýin tussag edilen adamlara soňra Nikita Hruşýowyň amnistiýa yglan edendigini ýatlap, şeýle praktikanyň Türkmenistanda-da ulanylyp bilinjekdigini aýtdy.

«Bu babatda taryhda örän köp mysallar bar. Mysal üçin, Hruşýowyň maýylganlyk döwrüni alyp görsek, şol döwürde Staliniň repressiw režimi tarapyndan uzak möhletleýin türmä basylan adamlara berlen jezalaryň kanuny güýji ýatyryldy. Men ýene-de bir gezek nygtaýaryn, bu baradaky ähli mesele döwlet liderine bagly bolup durýar» diýip, W.Mämmedow belledi.

Halkara guramalaryň üns merkezinde

Türkmenistanda sud jogapkärçiligine çekilýän adamlaryň hukuklarynyň üpjün ediliş meseleleri-de halkara guramalarynyň we adam hukuklaryny goraýan aktiwistleriniň ýiti tankytlap gelýän problemalardan biri bolup galýar.

W.Mämmedow «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi» dogrudaky kanunyň proýektini agzap, Türkmenistanda tutuş jemgyýet liberallaşdyrylmasa, adwokaturanyň işinde ýagdaýyň ozalkysyndan üýtgejekdigine ynanmaýandygyny aýtdy.

«Adwokatura baradaky kanuna girizilmekçi bolunýan reforma häzirki bar bolan döwlet sistemasynyň repressiwligini üýtgedip bilmez. Mesele bu ýerde gowy kanunlaryň ýa erbet kanunlaryň kabul edilýändigine bagly däl. Häzirki wagt Türkmenistandaky adwokaturanyň ähli funksiýasy türmä düşen adamyň dogan-garyndaşlaryna türmedäki şol adam barada nähilidir bir maglumat bermek bilen çäklenýär. Meniň özüm-ä soňky 17 ýylyň dowamynda Balkan welaýatynda adwokatyň getiren delilleri esasynda sudda aklanyp, azatlyga goýberilen bir adamy hem bilemok. Eýýäm şu ýagdaýyň özem ýurtdaky adwokaturanyň ýagdaýynyň nähilidigini aýdyň görkezýärmikä diýýärin» diýip, W.Mämmedow öz garaýşyny mälim etdi.

Teklip berildi

W.Mämmedowyň bu pikiri bilen Türkmenistanyň garaşsyz ýuristleriniň assosiasiýasynyň başlygy, Günbatarda bosgunlykda ýaşaýan ýurist Timirhan Misrihanow hem ylalaşýar. Misrihanow şu ýylyň fewralynda öz guramasynyň ýaýradan dokladynda Türkmenistanyň adwokatura sistemasyny reformirlemek barada anyk teklipleri öňe sürendigini we şol ideýalaryň hem birneme soňra Berdimuhamedowyň dilinden ýaňlanandygyny aýtdy.

Onuň guramasynyň esasy teklipleriniň nämelerden ybaratdygy barada soranymyzda, Misrihanow esasan üç meseläniň çözulmelidigini nygtady: «Birinjiden, adwokaturany Adalat ministrliginiň kontrollygyndan doly çykarmaly. Ikinjiden, tussag edileniň işine gatnaşmakdaky adwokaturanyň hukuklaryny giňeltmeli. Üçünjiden bolsa, ähli siwilizlenen ýurtlarda edilişi ýaly, jenaýat işleri boýunça adwokatura garaşsyz derňewleri geçirmäge we şonuň esasynda-da subutnama ýygnamaga hukuk bermeli».

Timirhan Misrihanow Türkmenistanyň häkimiýetleri şu üç meseleden iň bolmanda birini inkär etse-de, ýurduň aklawjylyk sistemasynda ýagdaýyň häzirkisinden üýtgemejekdigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG