Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýapylan serhetler Gyrgyzystana agyr degýär


Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygynyň orunbasary Ömürbek Tekebaýewiň aýtmagyna görä, Gazagystan we Özbegistan Gyrgyzystan bilen serhetlerini ýapyk saklamaklaryny dowam edýärler. Bu bolsa Gyrgyzystanyň ykdysadyýetine uly zeper ýetirýär.

Gazak-gyrgyz serhedi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:54 0:00

“Eger bu bilgeşleýin bolmadyk blokada bir ýa-da iki aýdan gowrak wagt dowam etse, onda bize sosial partlama garaşýar” diýip, Tekebäýew duýdurdy. Ol şeýle beýannamany Gazagystanyň prezidenti Nazarbaýewiň öz ýurdunyň Gyrgyzystan bilen serhedini täzeden açjakdygyny aýdandan bir hepde çemesi soňra etdi.

Bu serhet apreliň başlarynda protestçiler bilen Talasdaky polisiýanyň çaknyşyklaryndan soňra, howpsuzlyk aladalary sebäpli ýapyldy. Gyrgyz-gazak serhedi sişenbe güni açylmalydy. Emma garaşsyz žurnalist Bakyt Orunbekow serhediň ýapyklygyna galýandygyny Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna habar berdi.

“Men serhede şu gün irden 10-larda bardym. Şol wagt serhet geçelgesine 500 çemesi adam we ulag ýygnanypdy. Çünki geçen hepde gyrgyz resmileri Gazagystan bilen serhediň 11-nji maýda açyljakdygyny aýtdylar. Ýöne gazak serhetçileriniň ilata beren maglumatyna görä, olar bu barada hiç bir tabşyryk ýa-da habar almadylar. Şonuň üçin-de olar ilatyň Gazagystan bilen serhetden geçmegine ýol bermeýärler“ diýip, Orunbekow aýtdy.

Şol bir wagtda-da Ömürbek Tekebaýew: “Gazagystan üçin howpsuzlyk aladalarynyň neneňsi möhümdigine düşünýärin. Emma gazak tarapy hatda öz territoriýasy arkaly harytlaryň Gyrgyzystana geçirilmegine hem ýol bermeýär” diýdi. Gyrgyzystana getirilýän harytlaryň 70 prosentden gowragy Gazagystanyň territoriýasy arkaly daşalýar.

Özbek serhedi

Gyrgyz-özbek serhedi
Şeýle-de wagtlaýyn hökümetiň başlygynyň orunbasary Tekebaýew 2005-nji ýyldaky “Çigildem” rewolýusiýasyndan soňra hem Gazagystanyň we Özbegistanyň Gyrgyzystan bilen serhetlerini ýapandygyny ýatlatdy.

Gyrgyzystanyň serhet gullugy graždanlaryň Gazagystana hem Özbegistana uçarlar arkaly gitmegine rugsat edilendigini we olaryň otly bilen Gazagystan arkaly üçünji ýurtlara gidip bilýändigini habar berdi. Žurnalist Orunbekow serhetde garaşýanlaryň ol ýerde bolýan zatlary resmilere ýetirmek üçin Bişkege adam ýollandygyny aýtdy.

“Bu ýerdäkileriň käbiri bu taýda öten agşamdan bäri garaşýarlar. Şoňa görä-de, şu gün olar wagtlaýyn hökümet bilen gepleşikler geçirmek üçin öz wekillerini Bişkege ýolladylar. Olar serhediň ýapyk bolmagynyň sebäpleriniň düşündirilmegini isleýärler“ diýip, garaşsyz žurnalist Orunbekow belledi.

Gyrgyz-özbek serhedi barada aýdylanda bolsa, ol köplenç ýagdaýda ýapylýar ýa-da iň bärkisi bu ýerde gatnaw çäklendirilýär.
XS
SM
MD
LG