Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ ýadro energiýasy boýunça gepleşiklerden rahatsyz


Waşington Siriýa bilen Orsýetiň arasyndaky graždan ýadro energiýasy boýunça geçirilen gepleşiklerden birahat bolýandygyny beýan etdi.

ABŞ Siriýa bilen energiýa boýunça hyzmatdaşlyk hakda pikir alyşýan ýolbaşçylar Damaskyň ýadro meseleleri baradaky kemçiliklerini ýatdan çykarmaly däldir diýdi.

Döwlet departamentiniň metbugat wekili Filip Krowly ýadro ýaraglaryň ýaýradylmazlygy baradaky şertnama boýunça berlen soraglara Siriýanyň jogap bermänligini hem belledi.

Medwedew sişenbe güni Damaska eden saparynyň dowamynda Siriýada garaždan ýadro energiýa merkezini gurmaga Moskwanyň taýýardygyny yglan edipdi.
XS
SM
MD
LG