Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: «Eýran ýadro ýangyjyny çalyşmak ylalaşygyna golaý»


Türkiýe Eýranyň ýadro ýangyjyny alyş-çalyş etmek ylalaşygyna golaýdygyny aýdýar.

Bu ylalaşyk Günbataryň Tähranyň ýadro programmasyndan rahatsyzlygyny azaltmagy maksat edinýär.

Türkiýäniň daşary işler ministri Ahmet Dawutogly Tähranda, türk hem brazil araçylyk tagallalary dowam edýän wagtynda çykyp gürledi.

Türkiýäniň daşary işler ministrligi formal jarnamanyň şu gün giçlik yglan ediljegini aýtdy.

Eýran öz az baýlaşdyrylan uranyny daşary ýurda iberip, onuň ýerine has kän baýlaşdyrylan urany daşary ýurtdan getirmek teklibini ret etdi.

Tähran bu alyş-çalyşyň öz topragynda bolmagyny isleýär. Türkiýäniň premýer ministri Rejep Taýyp Erdogan brazil prezidenti Luiz Inasio Lula da Silwa bilen bile Tähranda gepleşik geçirýär.

Ol alyş-çalyşyň Türkiýede amala aşyrylyp biljegini aýtdy.
XS
SM
MD
LG