Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HAEG Eýranyň uran ylalaşygyny ýazmaça isleýär


BMG-niň ýadro gözegçiligi gullugy Eýranyň az baýlaşdyrylan uranyny daşary ýurda iberip, deregine ýokary derejede baýlaşdyrylan ýadro ýangyjyny almak ylalaşygyny ýazmaça görmek isleýär.

HAEG özüniň bu alyş-çalyş barada Eýran, Türkiýe we Braziliýa arasynda gelnen ylalaşyk barada bilelikdäki jarnamanyň tekstini alandygyny, ýöne Tähranyň bu ylalaşygy nähili berjaý etjekdigi barada ýazmaça beýanatyny almak isleýändigini aýdýar.

Eýran bu ylalaşyga BMG-niň täze sanksiýalaryndan gutulmak üçin geldi. Ýöne ol Eýranyň uran baýlaşdyrmagyny bes etmegi baradaky halkara talabyna jogap bermeýär.

Eýran resmileri urany 20 prosente çenli baýlaşdyrmak işi ýurt içinde dowam etdiriler diýýärler.

Birleşen Ştatlar we Britaniýa bolsa, uran baýlaşdyrmak bilen, Eýranyň ahyry ýadro ýaragyny edinmekçi bolýan bolmagynyň ahmaldygyny güman edýärler.
XS
SM
MD
LG