Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda onlarça aktiwist tussag edildi


Belarus oppozisiýasy we hukuk toparlary häkimiýetleriň onlarça aktiwisti tussag edendigini aýdýarlar.

“Hakykaty aýt” atly hukuk toparynyň lideri Uladimir Neklýaýew häkimiýetleriň öz toparynyň ofisini we ähli agzalarynyň Minskidäki we beýleki birnäçe şäherdäki öýlerini dökendigini aýdýar.

Tussag edilenleriň arasynda bolan Neklýaýew Minskidäki polisiýa uçastogyndan telefon edip, metbugat bilen gürleşdi.

Wýasna hukuk merkezinden Walentin Stefanowiç bolsa, Belarusyň iň taýry oppozisiýa partiýasy bolan Birleşen Graždan partiýasynyň hem nyşana alnandygyny aýtdy.

Prezident Aleksandr Lukaşenkonyň 16 ýyllyk hökmürowanlygy mahalynda oppozisiýa we garaşsyz metbugata dyngyzys azar berlip gelinýär.

XS
SM
MD
LG