Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik-özbek dawasy demirýoly böwetledi


Duşenbede resmiler 24-nji maýdan bäri Täjigistana gelýän 2500 töweregi demirýol wagonynyň Özbegistanda ýatandygyny we muňa Daşkendiň jogapkärdigini aýdýarlar.

Özbegistan bolsa ýük otlusyna Täjigistana geçmäge bilgeşleýin ýol bermän, olaryň hereketini gijikdirýänligini inkär edýär. Daşkent Özbegistan bilen Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň aralygynda 11 kilometre golaý demirýol liniýasynyň bozukdygyny aýdyp, gatnawyň kesilmegini tehniki meseleler bilen düşündirýär.

Rogun dawasy

Duşenbe ýeterlik serişde toplap, 2009-njy ýylyň aýagynda Rogun şäherindäki ägirt uly suw elektrik stansiýasynyň gurluşygyny tamamlamak kararyna geldi. Şondan bäri-de Özbegistanyň üsti bilen Täjigistana gelýän ýük tranziti häli-şindi kesilýär. Sebäbi Daşkent Rogun proýektine düýbünden garşy. Ol bu ägirt bent gurlup bolansoň, Özbegistana gelýän suw azalyp, ilkinji nobatda möhüm pagta senagatyna zyýan ýetmeginden gorkýar.

Täjik resmileri bolsa Özbegistandan gelýän gaz we elektrigiň soňky ýyllarda gyş aýlarynda birsyhly kesilmeginden halys irendiklerini, başga çykalga ýokdugyny nygtaýarlar. Tajik resmileriniň garaýşyça, Özbegistan Duşenbä gysyş görkezmek üçin demirýol meselesini ulanýar.

Täjigistanyň demirýol işgärleriniň aýtmagyna görä, Roguna gurluşyk materiallaryny getirýän wagonlar fewral aýyndan bäri Özbegistanda ýatyr. Özbekler gabawy kä açyp, kä ýapyp, diňe azyk harytlaryna ýol berýärler.

Özbegistan bilen demirýol dawasyny çözmäge kömek sorap, Täjigistan Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna, şeýle hem Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň diplomatik missiýalaryna ýüz tutdy. Şol bir wagtyň özünde-de ol özbek tranzit ýollaryna garaşlylykdan dynmagyň çäresini agtaraýar.

Alternatiw demirýol proýektleri

Öten hepde Täjigistan bilen Eýranyň resmileri iki ýurdy Owganystanyň üsti bilen birikdirjek täze demirýol proýekti barada pikir alyşdylar. Täjigistanyň, Eýranyň we Owganystanyň wekilleriniň öňümizdäki günlerde hem bu barada ýene pikir alyşmagyna garaşylýar.

Ýene bir mümkinçilik Hytaý bilen Täjigistanyň arasynda demirýol gurulmagydyr.

Üstümizdäki ýylyň başynda Täjigistanyň Transport ministrligi demirgazyk Owganystanyň üstünden Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasynda 250 kilometrlik demirýol gurulmagyny teklip etdi.

Täjik parlamentçileri: “Bu proýekti amala aşyrmak aňsat, ony sanlyja aýyň içinde gurup bolar” diýýärler. Ýöne ykdysadyýetçileriň pikiriçe, Täjigistan Özbegistanyň tranzit ýollaryna garaşlylykdan bu golaý-goltumda dynyp bilmez.

Duşenbeli ekspert Saimuddin Dustow bu problema şeýle baha berýär: “Häzirki gabawa sebap bolan hökümetiň Rogun barada goýberen ýalňyşlary. Täjigistan hökümeti bu gün kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolsa, munuň sebäbi onuň Rogun proýekti bilen baglanyşykly problemalaryň gerimine doly göz ýetirip bilmänliginde. Mysal üçin, Täjigistanyň Rogun proýektini milli proýekte öwürmeginiň kynçylyk döretjekdigi öňdenem bellidi. Muňa özbek ekspertleri göz ýetirip, ony indi Täjigistanyň garşysyna ulanýarlar”.
XS
SM
MD
LG