Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow deňizde aýlandy



3-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti özüniň Balkan welaýatynda bolmagynyň çäklerinde deňizde «Galkynyş» gämisinde gezelenç edip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky gurluşyklarda işleriň alnyp barlyşy bilen tanyşdy.

Berdimuhamedow «Galkynyş» gämisine münmezinden ozal, ilki bilen sagatda 200 kilometre çenli tizlikli sport gaýygyna mündi we ruluň başyna geçip, ýüzüşi amala aşyrdy.

Ýokary tizlikli gaýykda ýüzüşini tamamlap, prezident «Galkynyş» gämisine mündi we ol ýerde Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary bilen maslahat geçirdi.

Bu maslahatda Berdimuhamedow Awazanyň kenaryndaky şypahanalara dynç almaga gelýänlere olaryň öz wagtlaryny geçirmek üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra prezident öz egindeşleri bilen gämiden düşüp, deňziň kenaryna geldi. Bu ýerde Berdimuhamedow öz egindeşleri bilen welosipedde ýaryşdy.

Türkmen telewideniýesiniň bellemegine görä, welosiped ýaryşynda ýurduň prezidenti ähli babatda bolşy ýaly, özüniň beden taýdan berk taýýardygyny subut edip, tutanýerliligini we erjelligini görkezdi.

Şondan soň Berdimuhamedow suw ulagynyň ýokary tizlikli ýene bir görnüşi bolan skutere münüp, deňizde aýlandy. Türkmen mediasynyň nygtamagyna görä, Berdimuhamedow deňiz ulaga erk etmekde ýokary ussatlygyny görkezdi.

Türkmenistanyň prezidenti deňizde sport oýunlaryna ezberlik bilen erk edip, ýurtda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň we oňa yzygiderli eýermegiň nobatdaky nusgasyny görkezdi diýip, resmi habarlarda beýan edildi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG