Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama: "Gaza barýan gämilere edilen hüjüm 'tragiki' hadysa"


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Gaza gumanitar kömek alyp barýan gämilere Ysraýylyň harbylary tarapyndan edilen hüjümi “tragiki” hadysa diýip atlandyrdy. Şol wakada 9 aktiwist heläk bolupdy.

Obama CNN telekanalyna beren interwýusynda bu waka Ysraýyl bilen Palestinanyň arasyndaky parahatçylyk boýunça gepleşikleriň başlamagynyň zerurdygyny aňladýar diýdi.

Obama şol gämilere hüjüm etmek barada Ysraýylyň harbylaryna berlen buýrugy ýazgarman, Ysraýylyň öz howpsuzlygy boýunça kabul ederlikli aladalarynyň bardygyny belledi.

Türkiýäniň prezidenti Abdylla Gül düýnki eden çykyşynda şol gämilere edilen hüjümden soň öz ýurdunyň “Ysraýyl bilen gatnaşygynyň hiç haçan öňküsi ýaly bolmajakdygyny” aýtdy.

Gül Ysraýylyň harbylarynyň gämilere eden hüjüminiň bu iki ýurduň gatnaşygynda “bejerip bolmajak derejede uly ýara galdyranlygyny” hem belledi.

Ysraýylly esgerleriň hüjüminde heläk bolan adamlaryň jynaza namazy düýn Stambulda okaldy. Ölen 9 adamdan 8-i Türkiýäniň raýaty, ýene biri türk asylly amerikan raýaty.
XS
SM
MD
LG