Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bal süýji, baldan – bala


Üstümizdäki hepdede, 1-nji iýunda dünýde Çagalary goramagyň Halkara güni bellendi.


Bu çäre arkaly dünýä jemgyýetçiligi çagalaryň hak-hukugy hem terbiýesi meselesine hökümetleriň ünsüni çekdiler. Sebäbi dünýäde bolýan her bir kynçylyk hem dürli çaknyşyk owaly bilen çaga ykbalyna zarba urýar.

Her bir agyr durmuş owaly bilen ynsanyň ömür güli bolan çagalygyny soldurýar. Şol aladalardan ugur alýan dünýä jemgyýetçiligi her ýylda 1-nji iýunda, tomsuň başlanýan gününde Halkara çagalar gününi belläp geçýär.

Şol güne gabatlanyp, dürli medeni çäreler hem geçirilýär. Meselem Çehiýa Respublikasynda Çagalar kino festiwaly geçirildi.

Dünýäde ägirt uly tebigy baýlyga eýe bolan Türkmenistan ýaşlaryň hem çagalaryň ýurdy saýylýar.

28-nji maýdan 2-nji iýun aralygynda Türkmenistanda hem «Awaza—dostluk mekany» diýen at bilen halkara çagalar festiwaly geçirildi.

Çagalaryň arasyndaky bu halkara festiwal Türkmenistanda indi üçünji gezek geçirildi.

2006-njy ýylda ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň inisiatiwasy bilen «Altyn asyryň altyn nesilleri» ady bilen ilkinji sapar geçirilen bu festiwalyň maksady dünýä jemgyýetçiligini ünsüni Türkmenistana çekmekden ybarat bolupdy.

2006-njy ýylda çagalaryň bu halkara festiwaly Türkmenbaşy şäherinde, Hazar deňziniň kenarynda geçirilipdi. Emma 2008-nji ýylda ikinji gezek geçirilen bu festiwal diňe Aşgabat şäherinde geçirildi.

Festiwala gatnaşmaga gelen çagalar şol ýyl Gökderedäki täze gurlan çagalar dynç alyş merkezlerinde dynç alypdylar.

Çagalar babatda edilýän käbir aladalara garamazdan çagalara niýetlenen dürli gazetleriň, suratly žurnallaryň, gyzykly kitaplaryň çykarylmaýandygyny ýerli habarçylarymyz aýdyp gelýärler.

Şu babatda türkmen çagalary entegem S. Nyýazow döwründe gadagan edilen dürli gazet-žurnallardan entegem mahrum bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG