Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Müsüriň prezidenti bilen duşuşdy


Duşenbe güni Müsüriň Şarm-aş-Şeýh kurort şäherinde ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden hem Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek duşuşdy.

Baýdeniň ýanynda Ak tamyň we Milli howpsuzlyk sowetiniň wekilleriniň bolandygy habar berilýär.

Duşuşyk Ortaýer deňzinde palestin aktiwistlerine ysraýyl harbylarynyň eden hüjüminden bir hepde geçenden soň boldy.

Müsür soňky ýyllar Palestina bilen Ysraýylyň arasynda ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmak prosessinde araçy hem ABŞ-nyň möhüm hyzmatdaşydyr.
XS
SM
MD
LG