Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Türkmenistan” telekanalyna täze baş direktor bellendi


Türkmenistanyň prezidentiniň permany bilen Mubarek Hamzaýewa türkmen telewideniýesiniň “Türkmenistan” telekanalyna baş direktor bellendi.

Bu wezipäni şu wagta çenli Türkmenistanyň medeniýet we teleradiogepleşikler ministriniň orunbasary Aýmuhammet Orazmuhammedow wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi.

Bu telekanal öz gepleşiklerini birnäçe dilde, şol sanda ors, iňlis dillerinde alyp barýar.

Sputnik arkaly onuň gepleşiklerine dünýäniň köp ýurdunda tomaşa edýärler.
XS
SM
MD
LG