Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Harby-deňiz instituty döredilýär


Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi, 8-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi, 8-nji iýun, 2010-njy ýyl.

8-nji iýunda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Bu mejlisde Berdimuhamedow ýurduň deňiz serhedini ygtybarly goramak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly güýçleri üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyny döretmek hakyndaky karara gol çekdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň barşynda Berdimuhamedow Türkmenistanyň Goranmak ministri Ý.Berdiýewe Harby-deňiz institutynyň täze binasynyň taslamasyny taýýarlamak we guruljak ýerini kesgitlemek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýurduň prezidenti täze döredilen instituta, şonuň ýaly-da harby we hukuk goraýjy edaralara degişli bolan beýleki ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa kabul etmekde eýerilmeli ýörelgeler barada aýdyp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň aýratyn deňiz pyýada brigadasyna «Deňizhan» adyny dakmak hakyndaky karara gol çekdi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy S.Ballyýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde eden çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artýandygyny aýtdy we bu ugurda öz gullugynyň degişli işleri ýokary derejede alyp barýandygyny habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň prezidentiniň Karary bilen polkownik Gurbanguly Täçdurdyýewiç Gurbangulyýew wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, ýolbaşçylyk edýän gulluklarynyň işinde ýol beren kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň harby-howa güýçleriniň we howa hüjüminden goranyş goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy.

Öňden gelýän plan

Geçen ýyl Türkmenistan gysga wagtyň içinde Hazar deňzinde Goranmak ministrliginiň we Türkmen Döwlet serhet gullugynyň harby-deňiz bazasyny gurmagy planlaşdyrýandygyny yglan edipdi.

2009-njy ýylyň 30-njy awgustynda bolup geçen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşinde ýurduň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow planlaşdyrylýan harby-deňiz bazasynda ýaragly güýçleriň hemişelik esasda ýerleşdiriljekdigini we raketa sistemasyna eýe bolan iki sany harby gäminiň hem satyn alynjakdygyny mälim edipdi.

Şol duşuşykda şeýle howpsuzlyk we harby çäreleriň ýola goýulmagyna sebäp edip, sebitde ekstremistik, kontrabanda we terror hereketleriniň köpelýändigi we şeýle howplara garşy sebitdäki beýleki döwleteriň hem öz harby býudjetlerini artdyrýandyklary görkezilipdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG