Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystana harby ýük alyp barýan ulaglara hüjüm edildi


Öten agşam Pakistanyň paýtagty Yslamabadyň golaýynda Owganystandaky koalision güýçler üçin harby ýük alyp barýan ulaglara ýaragly söweşijiler hüjüm etdiler.

Ýerli polisiýa edarasynyň resmileri bu wakada azyndan iki adamyň ölüp, ýedi adamyň hem ýaralanandygyny habar berdiler. Ýöne bu ejir çekenleriň kimlerdikleri barada anyk maglumat alynmady.

«Assoşieýted press» habar agentliginiň fotožurnalisti öten agşam Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda Owganystana barýan bu esasy ýoluň ugrunda 20 töweregi ýük konteýneriniň ýanyp durandygyny görendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG