Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň prezidenti Ahmedinejad Hytaýya barýar


Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad Hytaýya sapara barýar.

Bu sapar Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyrynyň girizilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Şol sanksiýalary Hytaý hem goldap çykyş edipdi.

Hytaý Eýrana garşy täze sanksiýalaryň girizilmegine uzak wagtdan bäri garşy çykyp gelýärdi.

Emma Howpsuzlyk Geňeşinde bu barada geçirilen ses berişlikde Hytaý ABŞ tarapyndan hödürlenen rezolýusiýany goldap çykyş etdi.

Eýranyň atom energiýasy gullugynyň ýolbaşçysy Ali Akbar Salehi Hytaýyň Yslam äleminde özüne bolan sylagy gitdigiçe ýitirip başlanlygyny aýtdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Pekiňiň Eýrana garşy ses bermeginiň bu iki ýurduň gatnaşygyna ýaramaz täsirini ýetirmejegine ynamlarynyň bardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG