Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi


Düýn Aşgabatda geçirilen Ministrler Kabinetiniň maslahatynda wise-premýerler we käbir beýleki pudak ýolbaşçylary öz dolandyrýan pudaklaryndaky işleriň barşy barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler.

Birleşen Ştatlaryň wekilçilikli delegasiýasynyň 13-16-njy iýun aralygynda Türkmenistana etjek sapary we Aşgabatda geçiriljek türkmen-amerikan biznes forumy barada durup geçip, prezident Berdimuhamedow bu planlaşdyrylýan wakalara uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

Hususan-da, ol Türkmenistanyň dünýäniň iň ösen döwletlerinden biri bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen ähli mümkin bolan ugurlar boýunça konstruktiw hyzmatdaşlyklary ýola goýmaklyga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Maslahatyň dowamynda Berdimuhamedow ýaş alymlaryň we studentleriň arasynda geçirilen ylmy konkursyň jemleri barada ýörite karara gol çekip, bu konkursyň laureatlaryna baýrak gowşurmak çäresiniň 12-nji iýunda Ylymlar gününe gabatlanylyp geçiriljekdigini aýtdy.

Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlygy guramasynyň Sammitine ýörite myhman hökmünde gatnaşmak üçin Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar edýär.
XS
SM
MD
LG