Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Slowakiýada sosial – demokratik partiýa ýeňiş gazandy


Slowakiýada geçirilen parlament saýlawlarynda, anyklanan maglumatlara görä, häkimiýet başyndaky “Smer” sosial –demokratik partiýa ýeňiş gazandy.

Ýöne parlamentde orunlaryň köplügini sagçy merkezçi partiýa alar.

Slowakiýanyň häzirki premýer-ministri Robert Fisonyň “Smer” partiýasynda 62 deputat mandaty, dört sany sagçy merkezçi partiýada jemi 79 mandat bolar.

Ýöne aralarynda oňşuksyzlyk dowam edýän sagçy merkezçileriň täze koalisiýa döretmekde dil tapyşmagy näbelli bolup galýar.

Köp ýyllap ýurduň premýeri bolan Wladimir Meçýaryň partiýasy bäş prosentlik päsgelçilikden geçip bilmedi.
XS
SM
MD
LG