Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medeniýet ulgamy barada kelam agyz


“Çeşmeler” gepleşiginiň bu sanynda dünýäniň futbol ýaryşy baradaky maglumatlary, futbol temasyndan şahyr Şiralynyň çykyşyny diňläp bilersiňiz.

Türkmenistanyň medeniýet ulgamyndaky meseleler barada publisistik çykyşlar bar. Bu tapgyrdan sungatyň häzirki ýadaýy barada ýazyjy Akmuhammet Welsapar çykyş edýär.

Žurnalist Myrat Gurban türkmen telewideniýesiniň ýagdaýy hem daşary ýurt habar serişdelerine baglanmak meseleleri barada gürrüň berýär.

Poeziýa sahypamyzda şagadamly şahyr Durdy Hanmyrat gysga goşgularyndan birnäçesini okap berýär.

Dünýä ýaýran türkmenler hakynda hem gepleşik bolar. Bu gezek owgan türkmenleriniň metbugaty barada habarçymyz Şaýmerdanguly Myrady gepleşik taýýarlady.

“Çeşmeler” programmasyny ýazyjy H. Hally alyp barýar.

Programmany diňlemek üçin sag tarapda ýerleşdirilen audio düwmäni basyň.

Degişli makalalar

XS
SM
MD
LG