Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Dostluk” atly kinofestiwal açyldy


14-nji iýunda “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde Beýik ýeňşiň 65 ýyllygyna bagyşlanan “Dostluk” atly kinofestiwal açyldy. Ony gurnaýjylar Türkmenistanyň medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we “Soweksportfilm” aksioner jemgyýeti.

Bu kinofestiwal mundan öň Ukrainada, Belarusda, Ermenistanda, Gürjüstanda, Gazagystanda bolupdy.

Festiwalyň açylyşyna gatnaşmak üçin Orsýetiň halk artisti, abraýly kinorežissýor Bulat Mansurow, Orsýetiň halk artisti Ýewgeniýa Uralowa, Ermenistanyň at gazanan sungat işgäri Lewon Grigorýan dagy Aşgabada geldi.

“Ölüm ýokdur, oglanlar”, “Şükür bagşy”, “Teşneligiň gandyrylyşy” ýaly “Türkmenfilm” kinostudiýasynda surata düşürilen filmleriň režissýory Bulat Mansurow festiwaly açdy.

Aşgabatlylar hem paýtagtyň myhmanlary 17-nji iýuna çenli “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde filmlere tomaşa edip biler” –diýip, türkmen metbugaty ýazýar.
XS
SM
MD
LG