Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy düşünmän duranok


11-nji iýunda Özbegistanyň paýtagtynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň 10-njy maslahaty boldy. Oňa hormatly myhman hökmünde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Hytaý bilen Orsýetden başga-da, bu gurama Merkezii Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandan beýlekileriniň hemmesi agza. Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy Merkezi Aziýa regionynyň derwaýys meselelerini hemişe maslahatlaşýanam bolsa, S.Nyýazow bu gurama girmäge kes-kelläm garşy çykyp geldi. Dogrusy, bu guramanyň özi-de, käbir sebäplerden ötri, täze agzalary kabul etmäge moratoriý girizipdi.

Daşkentde bolan soňky sammit şol moratorini ýatyrdy hem gurama täze agzalary kabul etmek üçin täze düzgünler girizdi. Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk meselesi aýratynlykda gozgalmady, ýogsa Daşkent sammitinde garalan meseleler hyzmatdaşlyga tarap ýol açýardy.

Gyzyklandyrýan meseleler

Iki tarap - Türkmenistan hem Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy şeýle formada ysnyşykly işleşmäge taýýarmy? Çünki Daşkent duşuşygynda gös-göni Türkmenistany gyzyklandyrýan meseleler gozgaldy. Şol meseleleriň biri - Gyrgyzystandaky wakalar, bu ýurduň krizisden çykmagy üçin kömek bermegiň mümkinçilikleri analiz edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki liderleri ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowam Gyrgyzystandaky ýagdaýy äsgermezlik edip bilmez. Sebäbi gyrgyz wakalary dünýä metbugatynda regionyň beýleki ýurtlaryna-da ýaýrap biljek hadysa diýlip atlandyryldy.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň Daşkent sammitinde Orsýet tarapynyň pozisiýasyna üns berildi. Orsýetiň pozisiýasyna laýyklykda, Gyrgyzystan ýurtda eden-etdiligiň möwç almazlygy üçin Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyndan kollektiwleýin kömek almaly. Daşkent sammitinde gozgalan ýene bir mesele Türkmenistan bilen gös-göni baglanyşykly. Ol Owganystandan gaýdýan neşe ýoluny ýapmak ugrundaky göreş.

Şunuň bilen baglanyşykly Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň neşä garşy ýedi ýyllyk strategiýasyny kabul etmegi öňe sürdi.

Diňe şu iki mesele - Gyrgyzystandaky wakalar hem Owganystandan gelýän neşäniň ýaýramak problemasy bir tarapdan Türkmenistan üçin, ikinji tarapdan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy üçin tagallalary birleşdirmek hem iş ýüzünde ýakynlaşmaga girişmek boýunça çynlakaý esas döredýär.

Uly bir problema bar

Iki tarap üçinem bu täze perspektiwada uly bir problema bar. Hut şol hem başda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyny Türkmenistandan daşlaşdyrypdy. Şol problemany Daşkent sammitinde Hytaýyň prezidenti Hu Szintao öz çykyşynda agzady.

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada onuň eden teklipleriniň biri Türkmenistan bilen berk baglanyşykly. Hu Szintaonyň aýtmagyna görä, “Guramany ösdürmek üçin amatly şertler döretmekde aýdyňlyk, aç-açanlyk prinsipleriniň berjaý edilmegi möhüm rol oýnamaly.”

Gurama dörediläýen wagty Türkmenistan ondan daşda galdy. Belki, hut şol aç-açanlygy, aýdyňlygy döretmekde türkmen tarapynyň ýerine ýetirmek mümkinçiliginiň ýokdugy üçin Türkmenistan guramadan uzakda galandyr?!

Saparmyrat Nyýazow öz režimini muňa düýbünden ters doktrina esasynda gurupdy. Ol ýurdy doly syrly, ýapyk döwlete öwürdi. Hiç kim bilen maglumat alyşmak islemedi. Ýurt şu wagtam şol öňki syrlylygyna, ýapyklygyna galýar. Türkmenistanda iň ýönekeý sandyr maglumatlaram aşa gizlin döwlet syry hökmünde goralyp saklanýar.

Eger türkmen tarapy neşe problemasy boýunça maglumaty paýlaşmak islemese, neşä garşy bilelikde göreş barada gürrüň bolup bilmejegine Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynda düşünmän duranoklar.

Indi Daşkentdäki sammitiň hormatly myhmany - Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow bir meseläni aýdyňlaşdyrmaly: Türkmenistan hakykatdan-da Nyýazowyň öz üstüne urup giden agyr ýükünden, onuň goýan ýaramaz mirasyndan gutulyp, açyklyk prinsipini berjaý edip başlarmyka?

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG