Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Somalide futbola tomaşa etmek howply


Somalide adamlar fotbol boýunça dünýä ýaryşynyň ilkinji oýnuna tomaşa etmäge taýýarlyk görýärler, 11-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Somalide adamlar fotbol boýunça dünýä ýaryşynyň ilkinji oýnuna tomaşa etmäge taýýarlyk görýärler, 11-nji iýun, 2010-njy ýyl.
Somalide futbol boýunça Günorta Afrikada barýan dünýa ýaryşyna tomaşa etjek bolsaň, bir gözüň telewizorda bolsa, beýlekisi gapyda bolmaly. Sebäbi ýurduň uly bölegine kontrollyk edýan söweşiji toparlar bu oýunlara gizlin tomaşa edip tutulanlaryň köpçüligiň öňünde ýenjiljekdigini aýtdylar.

Habar berlişine görä, olar şu wagta çenli iň bärsinden iki admy atyp öldüripdirler. Tutulanlaryň sany 30-dan kän. Olaryň biri 15 ýaşyndaky ýetginjek oglan.

Tutuş Afrikada hemmeler bu ýaryşyň kontinentde geçýändigine guwanyp, oýunlara tomaşa edýärkä, mundan mahrum bolmak Somaliniň futbol söýüjilerine agyr degýär.

Ýurduň milli ýetginjekler futbol toparynyň kapitany, 15 ýaşly Mahad Mohammed Haji paýtagtyň Afrika Bileleşiginiň parahatçylygy goraýan güýçleriniň kontrollygyndaky böleginde oýunlary görüp bilýän hem bolsa, öz watandaşlarynyň halyna gynanýar.

“Afrika – biz. Men Afrikanyň dünýä çempiony bolmagynyň tarapdary. Men bu ýyl gaty begenýärin. Ýöne gozgalaňçylar adamlara bu oýunlara tomaşa etmäge ýol berenok. Biziň ýerimiz oňat. Biz Günorta Afirkada geçen oýunlaryň hemmesini gördük” diýip, Mahad aýdýar.

Yslamçy ýolbaşçy Şeýh Abu Ýahýa Al Yraky bu gadagançylygy gorap: “Futbol gadymy hristian medeniýetinden gözbaş alýar. Biziň yslama esaslanýan administrasiýamyz bu FIFA diýilýän dünýä ýaryşyna tomaşa etmäge ýol bermez” diýdi.

“Şeýtan işi”

Somaliniň Sport birleşiginiň başlygynyň orunbasary Şafi Mohýaddin Abokar oýunlary gizlin görýänleriň başyna nämeleriň gelýändigini şeýle suratlandyrýar: “Söweşijiler adamlaryň oýunlara gizlin seredip oturan bir öýüne hüjüm edipdirler. Olar diwardan böküp gaçyp gitmäge synanyşan iki oglany atyp öldüripdirler. Ýene 10 adam hem Mogadişuda tutulypdyr”.

Somaliniň Aralyk Federal hökümeti: “Adamlar öldüriljeginden gorkman, oýunlary görüp bilmeli” diýip, bu hereketi ýazgardy.

Abokar tutulan 30-dan gowrak adam barada halkyň alada galýandygyny belleýär: “Hawa, biz söweşijileriň bu tutulan adamlara näme edýänini bilemzok. Biz diňe oýunlara seredip otyrka tutulan bu adamlaryň yslamçylaryň tussaghanasyna äkidilendigini we şol ýerde saklanýandygyny bilýäris. Olaryň garyndaşlary hem olary görüp bilenoklar, olaryň nähili saklanýanlygyndan habarlary ýok”.

Somalide iki yslamçy topar “Hizbul yslam” bilen “Al Şabab” öz kontrollygyndaky etraplarda berk teswirlenen şerigat kanunyny ýöredýärler. Bu toparlar futbola “şeýtan işi” diýip garaýarlar. Bu etraplarda oýunlara seretmek 2006-njy ýylda gadagan edildi.
XS
SM
MD
LG