Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wekili gyrgyz lideri bilen gepleşik geçirdi


Şenbe güni Gyrgyzystana sapar edýän Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Robert Bleýk Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini ýurdy terk etmäge mejbur bolan müňlerçe bosgunlaryň howpsuz ýagdaýda yzlaryna dolanmaklaryny üpjün etmek üçin ähli zerur şertleri döretmeklige çagyrdy.

Gyrgyzystanyň wagtlaýyn hökümetiniň başlygy Roza Otunbaýewa bilen Bişkekde geçiren gepleşikleriniň yzy bilen eden bu çykyşynda Robert Bleýk Gyrgyzystanyň geçiş hökümetiniň häzirki ýagdaýda ýurtda ynam we howpsuzlyk atmosferasyny döretmeginiň örän möhümligini nygtady.

Şeýle hem, ol Birleşen Ştatlaryň Gyrgyzystana 32 million dollarlyk gumanitar ýardam bermekçidigini aýtdy.

Soňky bir hepdeden gowrak wagt bäri Gyrgyzystanyň günortasynda dowam edýän etniki çaknyşyklarda azyndan 200-den gowrak adam ölüp, 2000 töweregi adam hem ýaralandy diýlip hasaplanylýar.

Ýöne ýerli resmiler ölenleriň hakyky sanynyň häzirki deslapky sanlardan onlarça esse köp bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Jenaýatçy toparlaryň hüjümlerinden gaçyp gutulmak üçin Gyrgyzystanyň 100 müňden hem gowrak raýaty Özbegistanyň territoriýasyna geçdi.
XS
SM
MD
LG