Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň DIM-inde diňlenşik geçirildi


Düýn Türkmenistanyň DIM-inde daşary ýurt žurnalistleri üçin geçirilen diňlenşikde geçen hepde amerikaly, eýranly we hytaýly hyzmatdaşlar bilen geçirilen gepleşikleriň türkmen gazyny täze bazarlara çykarmakda hyzmatdaşlyga gönükdirilen Türkmenistanyň strategiýasyny şol ýurtlaryň doly goldaýandygyny tassyklaýandygy bellendi.

Gazy Türkmenistanyň serhedinde satmak boýunça köp ýyllyk praktikanyň saklanyp galýandygyny, ýurduň haýsydyr bir halkara energetik proýektlere, türkmen serhedinden daşardaky söwda shemasyna gatnaşmaýandygyny ministrligiň resmi wekili aýtdy.

Resmi wekil Türkmenistan bilen ýewropa ýurtlarynyň arasynda uzak wagtlyk hyzmatdaşlyk barasynda anyk dialogyň başlanýandygyny aýtsa bolar diýdi. Bu barada Türkmen metbugaty habar berýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG