Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Geňeşi Orsýet-Gürjüstan meselesine sereder


Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasy Strasburdaky maslahatynda Orsýet we Gürjüstan barada toplanan maglumatlar meselesine sereder.

2008-nji ýylyň awgust aýynda bolan Orsýet-Gürjüstan konfliktinden bäri Ýewropa Geňeşiniň Parlament Assambleýasy her bir maslahatynda diýen ýaly Moskwa bilen Tbilisiniň gatnaşyklaryna seredýär.

Düýn Parlament Assambleýasy Demirgazyk Kawkazda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada rezolýusiýa kabul etdi, ony Orsýet goldady.

“Ýewropa Geňeşiniň ygtyýarlyklarynyň hereket edýän tutuş territoriýasynda ýagdaýyň iň çylşyrymly ýeri Çeçenistan, Inguşystan hem Dagystan” diýlip, dokumentde bellenýär.

Rezolýusiýa şeýle-de regionda köp sanly adam öldürmeler, adam ogurlygy hem gynamalar ýaly hadysalary obýetiw derňemäge çagyrýar.
XS
SM
MD
LG