Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Litwa, Germaniýa we Polşa akýan rus gazy kemeldi


Ýewroparlamentiň baştutany Jerzi Buzek Litwa, Gündogar Germaniýa we Polşa gelýän Orsýetiň gazynyň azalandygyny, çünki Belarusyň gaz tranzitini kemeldendigini Moskwada Orsýetiň energetika ministri Sergeý Şmatko bilen duşuşygynda aýtdy.

Şmatko özünde şeýle maglumatyň ýokdugyny belledi.

Özara gaz bergileri sebäpli dörän konfliktiň kadalaşdyrylmandygy üçin Gazprom Belarusa gidýän gazy 30% kemeltdi.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Minskide geçiren duşuşygynda: “Maý aýyny hasaba almak bilen Gazprom gazyň tranziti üçin 260 million dollar bize bergili. Tranzit üçin Gazprom töleg edýänçä, gazy ýapmak barada hökümete buýruk berdim” diýip, Belarusyň prezidenti aýtdy.

Düýn Belarusyň premýer-ministri Sergeý Sidorskiý hem Gazpromyň başlygy bilen bergileri hasaplaşmagyň düzgünleri baradaky konsultasiýalary dowam etdirmegi telefon arkaly ylalaşdylar.

Eýýäm Belarusda ençeme elektrik stansiýanyň ýangyjyň beýleki ätiýaçlyk görnüşlerine geçirilendigini, senagat kärhanalaryna berilýän gazyň çäklendirilendigini Azatlyk Radiosynyň korrespondenti habar berdi.
XS
SM
MD
LG