Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ezizowyň adyny göterýän mekdep açyldy


Gurbannazar Ezizowyň adyny göterýän mekdebiň kompýuter otagy
Gurbannazar Ezizowyň adyny göterýän mekdebiň kompýuter otagy

Anna güni Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherinde türkmeniň meşhur şahyry Gurbannazar Ezizowyň ady dakylan 23-nji orta mekdebiň dabaraly açylyşy boldy.

Mekdebiň açylyş dabarasy diýseň köp adamly boldy. Çagalar mekdebiň açylyşynda goşgulardyr aýdymlary aýdyp, tanslary ýerine ýetirdiler.

Mekdebiň gurluşygyny Ahal welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmagynda «Ahalgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 2-nji gurluşyk gurnama müdirligi ýerine ýetirdi.

Bu täze iki gatly mekdep 300 orunlyk bolup, onuň 32 otagy bar, 14 sany klas bolsa multimedia tehnologiýalary bilen üpjün edilendir.

Mundan başga-da mekdepde dürli medeni çäreleri geçirmäge niýetlenen mejlisler zaly, tans otaglary, kitaphana, sport zallary dünýä derejesine laýyk edilip gurlan.

Dabaranyň ahyrynda mekdebiň binansyyň gurluşygyna gatnaşan gurluşykçylara minnetdarlyk sözleri aýdylyp, olara ýurduň prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Gurbannazar Ezizow


Gurbannazar Ezizow
20-nji asyr türkmen edebiýatynyň ikinji ýarymyna öz güýçli täsirini ýetiren Gurbannazar Ezizow 1940-njy ýylyň 1-nji martynda Büzmeýin obasynda, mugallymyň maşgalasynda dünýä inýär.

Gurbannazaryň ilkinji goşgulary 15 ýaşyndaka metbugatda çap edilip başlanýar. Hut şol ýyllardanam ol edebi tankydyň nazaryna ilýär hem beýlekilerden düýpgöter başgaça ýazýandygy bilen tapawutlanýar.

Gurbannazar Ezizow 1975-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäherinde ýaş ýazyjy-şahyrlaryň bütinsoýuz duşuşyklary wagtynda Gazanjyk obasynyň golaýyndaky ýolda pajygaly ýagdaýda aradan çykýar.

Gurbannazar Ezizow türkmen edebiýatyna täze poeziýany, täze pikir ýörediş usullaryny getirdi. Şeýle-de bolsa, şahyr diri wagtynda onuň bary-ýogy üç sany kiçijik kitaby çykdy. Olardan biri Moskwada, rus dilinde çap edilipdi.

1995-nji ýylda bolsa Gurbannazar Ezizowyň “Saýlanan eserler” ady bilen iki tomlugy neşir edildi. Ýöne şahyryň drama eseri, terjimeleri, edebi ýaňsylamalary hem hatlary, beýleki garalamalary entek kitap bolup çykanok.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG