Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen atlary we gylýalçylyk


Ahalteke, ýomut atlarynyň mekany bolan Türkmenistanyň hususy pudagynda gylýalçylyk biznesini ýola goýmak mümkinmi?

Bilermenleriň pikiriçe, munuň esasy şertleri: ýurduň açyk bolmagy, telekeçilere erkinligiň berilmegi, atçylyk bilen bagly biznesde aç-açanlygyň tertip-düzgüniň ýola goýulmagy.

Häzir dünýäde atçylygyň üç görnüşi bar. Atçylygyň bir görnüşinde hojalyklarda ulanylýan atlary köpeltmek bilen meşgullanylýar. Atçylygyň beýleki görnüşi et, süýt we derman senagatyna zerur bolan önümleri öndürýän gylýalçylyga hem sport atçylygyna degişli.

Gazagystan we Gyrgyzystandan tapawutlylykda Türkmenistanda atçylyk sporty ösen we esasan dünýa meşhur ahalteke atlary köpeldilýär.

Atçylyk sportunda esasy girdejiniň totalizatordan, ýagny at çapyşyklarda ilat tarapyndan belli bir atyň ýeňmegine öňünden pul goýmak, humar oýnamak endiginden gelýändigi giňden belli fakt. Şonuň üçin her ýurt özünde halkara derejesindäki atçapyşyklary geçirmäge dyrjaşýar.

Şeýle bäsleşikleri geçirmek üçin atçylykda açyk infrastrukturanyň döredilmegi zerur. Şol infrastruktura köpçülikleýin tomaşalary, oýundyr-bäsleşik sportuň dürli görnüşlerini öz içine alýar. Munuň üçin pudagyň ösen infrastrukturasynyň, ýagny ippodromlaryň, Ýewropa derejesindäki ösen atçylyk senagatynyň bolmagy zerur.

Atçylygyň töwekgelçiligi

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew atçylyk bilen bagly biznesiň gaty özboluşly, töwekgelçilikli işdigini aýdýar. Ykdysatçy “Türkmenistanyň hususy pudagynda telekeçiligiň bu görnüşini ösdürmek üçin ilki bilen telekeçä erkinlik berilmegi zerur” diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde nygtady.

Bilermen atçylyk bilen meşgullanýan adam telekeçiligiň haýsy ugruny ösdürmek isleýär, nämä köpräk üns berip, haýsy meselede köp sermaýa goýmak islemeýändigini özi kesgitlemeli diýýär.

Annadurdy Hajyýewiň sözlerine görä, “Iň möhum zat bolsa – atçylyk bilen meşgullanýan adamlara atlaryny erkin satmaga ýol açmaly, bu işi ýola goýmak üçin ýurtda auksionlary gurnamaly”.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew häzirlikçe ýurtduň hususy pudagyndaky atlary daşary ýurtlara satyp bolmaýandygyny aýdýar.

Ýazgulyýew şu ýylyň aprel aýyndan başlap, tutuş Türkmenistan boýunça hususy at saklaýan adamlara atyna pasport almagyň tabşyrylandygyny, pasport almagyň düzgüni boýunça atlaryň eýelerinden öz bedewlerini nähili ýagdaýda edinendikleri barada tassyklaýjy maglumatlaryň talap edilýändigini aýtdy.

Garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew aty kanuny ýol bilen alandygyny tassyklap bilmedik adamlaryň atlarynyň hökümet tarapyndan konfiskirlenýändigini habar berdi.

Hökümetiň gözegçiligi

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew “Atlary nähili şertlerde saklamalydygy, olaryň ideginiň ölçegleri hökümet tarapyndan kesgitlenip, şol düzgünleriň ýerine ýetirilişine hökümet tarapyndan gözegçilik edilmeli” diýýär.

Mysal üçin, Günbataryň ösen ýurtlarynda atýatak gurlanda belli bir şertler göz öňünde tutulmasa, hökümet beýle telekeçä atçylyk bilen meşgullanmaga rugsat bermeýär.

“Atçylyk bilen bagly biznesde aç-açanlyk, tertip-düzgün bolmaly” diýip, ykdysatçy ösen ýurtlarda her asyl bedewiň aňyrdan gelýän tohumynyň ugry ýöredilýän kitabynyň bardygyny belledi.

Çehiýada ahalteke atlary bilen meşgullanýan telekeçi Petra Mareşowa Türkmenistanda hut şol terpit-düzgüniň entek ýola goýulmandygyny öňe sürýär.

“Ýakynda ahalteke atlaryny öndürip-ösdürmek bilen meşgullanýan bir özbek telekeçisi Türkmenistandan arassa ganly ahalteke aty diýip hödürlenen bir bedewi satyn aldy. Soňra bolsa ol şol atyň ganyny tabşyryp, DNK testini geçirende, onuň tohumynyň arassa ahalteke däldigi anyklandy” diýip, Petra Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Arassa ganly ahalteke atlaryny öndürip-ösdürmek bilen meşgullanýan Petra öz fermasynda her täze doglan taýçanaga tohum kitapçasyny açyp, ony yzygiderli ýöredip başlaýandyklaryny gürrüň berdi.

Atlaryň tohumy

Ahalteke atlarynyň nesil daragty
Petra Mareşowanyň aýtmagyna görä, meşhur ahalteke atlarynyň dogduk mekany bolan Türkmenistanda ahalteke atlary köplenç atyň iňlis tohumy bilen çakyşdyrylyp, uzak aralyga has dözümli atlaryň täze tohumy ösdürilip ýetişdirilýär.

“Bu paradoksal ýagdaý bolsa biraz gynandyrýar” diýip, ahalteke atlarynyň janköýeri Petra Mareşowa aýdýar.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew hem 1990-njy ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap, Türkmenatlary assosiýasiýasynyň käbir atlarynyň iňlis atlary bilen çakyşdyrylandygynyň ýüze çykandygyny habar berdi.

Çehiýada atçylyk biznesi bilen meşgullanýan Petra Mareşowa, prezidentiň görkezmesi boýunça, Türkmenistanda indi atlaryň ganyny alyp, DNK testini geçirýän laboratoriniň gurlandygyny aýtdy.

Atçylyk bilen meşgullanýan zenan: “Ýöne şol laboratiriýa “Haýwanlaryň genetikasy boýunça halkara jemgyýeti” atly guramanyň şertlerini ýerine ýetirmeýändigi zerarly bu gurama agza bolup bilenok” diýýär.

Şonuň üçin türkmen bedewleriniň tohumunyň arassalygyny anyklamak üçin edilýän DNK testleriň Orsýetde geçirilmeli bolýandygyny Petra belleýär.

Petra öz fermasynda taýçanak doglan badyna onuň ganyny Çehiýadaky halkara ölçeglerine görä işleýän iki laboratiniň birine iberip, taýçanagyň arassa ahalteke tohumyndandygy baradaky analizleriň netijelerini onuň kitapçasynda saklaýandyklaryny aýdýar.

Türkmenistanly garaşsyz žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýew Türkmenistanda hem indi her atyň öz pasportynyň bolmagyny talap edýändiklerini tassyklaýar.

Ykdysatçy Annadurdy Hajyýew hususy pudakda atçylyk biznesi bilen meşgullanýanlara atyň tohumynyň arassalygy bilen bagly çäklendirmeleriň girizilmegine garşydygyny aýdýar.

Hajyýewiň tassyklamagyna görä, atçylykda seçgiçilik bilen meşgullanmaklyk gaty köp serişde talap edýän iş. “Şonuň üçin eger türkmen häkimiýetleri ahalteke atynyň tohumyny ýurduň milli baýlygy hökmünde gorap saklamak isleseler, onda Türkmenistandaky Ahalteke atçylyk zawodynda seçgiçilik bilen bagly işleri has hem ösdürip bolar” diýip, Hajyýew belleýär.

Hajyýew dünýä tejribesinde edilişi ýaly, atlaryň tohumynyň doňdurylyp saklap bojakdygyny, emma hususy pudakda bu ugurdan çäklendirmeleri girizmegiň ýerliksiz bojakdygny aýdýar.

“Dürli atçapyşyklarda ýeňiş gazanan atlaryň bahasy ýokary bolýar. Diýmek, atçylyk bilen meşgullanýan husuyýetçiler ýeňiş gazanmak üçin, zerur bolsa, atlaryň çydamlylygyny, güýç-kuwwatyny artdyrmak üçin, ýagdaýa görä hereket etmeli” diýip, Hajyýew aýdýar.

Ýagny, ykdysatçy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe, telekeçilere türkmen atlaryny beýleki atlar bilen garmagy gadagan etmeli däl.

Zerur çäreler

Atçylyk bilen meşgullanýan Petra Mareşowa her bir satuwa çykarylan atyň DNK testleriniň netijeleri bolup, Türkmenistandan at satyn almaga baran adamynyň arassa tohumly ahalteke atyny satyn alýandygyny subut edýän dokumentleriň bolmalydygyny nygtaýar.

“Türkmenistanda ýene bir edilmeli möhüm zat, ýurdy açyp, atçylyk bilen meşgullanýanlar üçin auksionlaryň geçirilmegi zerur. Türkmen atlaryny halkara derejesindäki atçapyşyklara gatnaşdyrmaly” diýip, Petra Mareşowa aýdýar.

Mareşowa soňky iki ýylyň dowamynda türkmen atlarynyň Orsýetde geçirilen atçapyşyklara yzly-yzyna gatnaşdyrylandygyny, ýöne şol ýaryşlarda Türkmenistandan getirilen ahalteke aty ýeňiş gazansa-da, ol atyň ganyndan soňra dopingiň, ýagny ata wagtlaýynça güýç berýän neşe maddalarynyň tapylandygyny, üstesine-de, ol atyň arassa ganly ahalteke aty hem däldiginiň anyklanandygyny aýtdy.

Bilermenleriň aýdanlaryndan çen tutulsa, onda:

- Türkmenistanda hususy pudaga degişli atçylyk biznesiniň gülläp ösmegi üçin ilki bilen telekeçilere erkinlik berilmeli.

- Telekeçiniň emläginiň hemmetaraplaýyn goragyny üpjün etmeli.

- Telekeçi öz alyp barjak işiniň ugruny anyklap, şoňa görä hereket etmeli.

- Telekeçiniň öz ýetişdiren atlaryny daşary ýurtlara erkin satyp bilmegi üçin zerur şertleri döretmeli.

- Atlaryň tohumy baradaky maglumatlar ýazylýan kitapçalar berk ýöredilmeli.

- Atçylykda aç-açanlyk bolmaly, hökümet halkara derejedäki ýaryşlary, atçapyşyklary gurnamaly, atçylyk bilen meşgullanýanlara niýetlenen auksionlaryň geçirilmegine ýardam bermeli.
XS
SM
MD
LG