Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jürdekowyň kitaby «Ruhnama» bäs edýär


Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekowyň ýazan «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitaby täzelikde pars hem-de ukrain dillerinde neşir edildi. Bu kitap häzire çenli türkmen, rus, iňlis, nemes, türk we hytaý dillerinde neşir edilipdi.

Ukrain dilinde
Bu kitapda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi hem-de atasy hakda gürrüň hem maglumatlar berilýär. Kitabyň sahypalarynda dokumental çeşmelere we arhiw materiallaryna esaslanan taryhy wakalar, şeýle hem Türkmenistanyň iň täze taryhynyň wakalary beýan edilýär.

«Ruhnamadan» ozdurarmy?!

Türkmenistanyň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazow «Ruhnama» kitabyny, özi dirikä, dünýäniň otuzdan gowrak dillerinde neşir etdirdipdi.

Eger-de Saparmyrat Nyýazowyň «Ruhnamasynyň» otuz dilde terjime edilmegi üçin alty ýyl gerek bolan bolsa, onda Täçmämmet Jürdekowyň «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabynyň şonça dilde çap bolmagy üçin beýle köp wagt gerek bolmasa gerek.

Kitabyň ýazylyp tamamlananyna heniz sekiz aý bolmanka, ol eýýäm sekiz dilde neşir edildi. Eger şeýle depginde dowam etse, alty ýylyň içinde «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň dünýäniň 72 dilinde çap bolmaga mümkinçiligiň bardygy aýdylýar.

Kitaplaryň terjimesi kimlere bähbitli?

Türkmenistanyň çäginde işläp ýören daşary ýurt firmalary döwletden özlerine ulurak buýurmalary almak maksady bilen, «Ruhnamany» dürli dillere terjime etdirip, ony hut Saparmyrat Nyýazowyň özüne elin gowşurýardylar we maksatlaryny amala aşyrýardylar.

«Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitabyň gysga möhletde şeýle köp dillerde neşir edilmeginiň düýp sebäbem şundan ybarat diýlip, çak edilýär. Bu kitaby hem Türkmenistandaky daşary ýurtly firmalar öz hasaplaryna dürli dillere terjime etdirýärler. Çap bolýan kitaplaryň bolsa tiražy beýle köp mukdarda-da däl.

Awtoryň adyny agzamaly däl

Pars dilinde
Türkmenistandaky daşary ýurtly firmalar «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitaby dürli dillerde terjime etdirmek bilen, ilkinji nobatda onuň awtory Täçmämmet Jürdekowyň abraýyny arşa galdyrýandyklaryndan bihabar bolara çemeli.

Dürli çeşmelere göä, bu kitaby Saparmyrat Nyýazowyň öz «galamynyň astyndan» çykan eser bolan «Ruhnama» ýaly bir kitapdyr öýdüp pikir edýän daşary ýurtly firmalar, döwletden özlerine ulurak zakazlary almak maksady bilen, «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtygy» tizden-tiz dünýä dillerine geçirmäge howlugýarlar.

Ýöne Galkynyşyň ideologlary şu meselede bir çykalga tapypdyrlar. Islendik döwletde çap edilýän kitaplaryň awtorynyň ady kitabyň daşynda görkezilýär. Emma «Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk» atly kitaby ýazan ýazyjy Täçmämmet Jürdekowyň ady hem kitabyň daşyndan aýrylyp çap edilmäge degişli edildi.

Mundan başga-da Galkynyşyň ideologlary Berdimuhamedowyň özi hem-de atasy hakda gürrüň berýän kitabyň dürli dillerdäki tanyşdyrylyş dabaralarynda onuň awtory hakda däl-de, diňe eserdäki gahrymanlar hakda söhbet etmegi golastyndakylara berk tabşyryp, Jürdekowy ol esere asla dahylly däl ýaly görkezmegi başardylar.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG