Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýene bolmady...


29-njy iýunda türkmen gazetleriniň üçüsi Gözel Şagulyýewanyň ýurduň prezidentine bagyşlap ýazan goşgusyny birbada çap etdiler.

Şol günden bir gün geçenden soň bolsa, şahyr Hajy (Hojamuhammet) Kakalyýewiň öz prezidentine bagyşlap ýazan «Il ogluna, arkadaga şan-şöhrat!» diýen goşgusyny bäş gazet birden çap etdi. Bu goşgy ýurduň «Türkmenistan», «Нейтральный Туркменистан», «Nesil», «Watan», «Aşgabat» gazetlerinde ýerleşdirildi.

Hajy Kakalyýew aslynda polisiýanyň işgäri. Has dogrusy polisiýanyň polkownigi. Ol häzir pensiýada. Şeýle-de bolsa Hajy (Hojamuhammet) Kakalyýew ýaşlykdan poeziýa höwes edip, goşgular goşup, özüni halka şahyr hökmünde tanydypdy. Onuň goşgularyna dörän aýdymlar bar.

«Polisiýada ýekeje gowy adam bar. Ol hem Hajy Kakalyýew. Onuň gowulygy şahyrlygy üçin bolaýmasa» diýip, Hajy Kakalyýew hakda degişmeli gürrüňler hem aýdýarlar.

Şeýle diýmezçe-de däl. Hajy Kakalyýew ýumşak häsiýetli, örän adamkärçilikli kişi. Türkmeniň belli şahyry Gurbannazar Ezizowyň dosty. Hakyky şahyrlar bilen duz iýen adam.

Sagdyn pikirli, gowy adamlaryň arasynda gezip ýören kişide ýaranjaňlyk, ýalan zatlary goldamak, köşk şahyrlarynyň edýän ýakymsyz işlerine goşulmak ýaly hadysalar ýüze çykýar welin, ony göreniňde gaty oňaýsyz ýagdaýda galýarsyň. Halkyň gününe aglamaly adamlar bir ownuk şöhrat üçin başlaryny nirä sokýarlar!

Hajy Kakalyýew, Gözel Şagulyýewa ýaly, halkyň öňüne düşmeli adamlar şeýle bolgusyz oýunlara goşulyp ýörkä, halkyň ykbalynyň küle çökerilmesine geň galybam oturmaly däl.

Keramat bar uçar sözde hem dilde,
Il ogluna, Arkadaga şan-şöhrat!
Ylham joşýar ganatlanan köňülde,
Il ogluna, Arkadaga şan-şöhrat!

Şahyr bolan aslynda halkynyň agysyny aglamaly dälmi? Häzir eli galam tutýan adamlar kyn döwri, ýöne taryhy wakalardan doly döwri başdan geçirýärler. Olaryň gözüniň alnynda bir nesil zaýalanyp barýar. Neşekeşler, öýsüzler, okuwsyzlar örän kyn günlerde ýaşaýarlar.

Şu günki taryhy hakykaty ýazyp goýmadyklar utularlar. Taryhy hakykaty görmek kyn hem bolsa, örän bagtlylykdyr. Emma taryhy hakykata gözlerini ýumup seredýänler welin, ertirki gün ile masgara boljak adamlardyr.

Ylymly-bilimlidir öýdüp ýören kişileriň şu kiçijik hakykata düşünenoklar welin, olara örän gynanýarsyň. Her kim öz ykbal ýoluny özi kesgitleýär. Ak girse-de, aň girmedigi üçin olaryň özleri günäkär.

Türkmeniň köşk şahyrlaryny özleriniň utanmaly işlerini —ýaranjaňlyk goşgularyny ýazmagy-da biri-birlerinden gabanýarlar, biri-birleri bilen basdaşlyk edýärler. Biri-birlerinden galmajak bolup, goşgy yzyna goşgy döredýärler. «Türkmenistan» gazetinde, Hajy Kakalyýewiň goşgusynyň ýerleşdirilen sahypasyndan soňky sahypada şahyr Süleýman Ilamanowyň-da «Milli liderimiz, ýoluňyz aýdyň!» diýen goşgusy-da bar.

Iliňiz aýdyň!
Ýoluňyz aýdyň!
Ömrüňiz aýdyň!
Döwrüňiz aýdyň!
Göwnüňiz aýdyň!
Sözüňiz aýdyň!


Ine, Süleýman Ilamanowyň goşgusyndan size okamaga bir paý.

Prezident Nyýazow özi hakda goşgy goşýan tarypçylara puljagaz, wezipejik berip, oýnaýardy. Indi hernäçe ýaranjaňlyk edene-de wezipe-de ýok, üýtgeşik pul-da ýok. Ýöne ýokanç kesel mysaly, köne endik olaryň baryna ýokaşyp gidip otyr.

Ýöne hawa-da... Biz olaryň aňyna dogry zady guýjak bolup, ýersiz kösenýäris! Goý, öwsünler! Bu dünýede her kim öz başarýan işini edýär ahbeti!

Çoluk Möwlamow aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG