Owganystandaky halkara güýçleriň täze serkerdesi general Deýwid Petreus penşenbe güni Brýusselde NATO-nyň Baş sekretary Anders Fog Rasmussen bilen bilelikde geçiren metbugat konferensiýasynda parahat ilatyň arasynda adam pidalaryny elde baryndan azaltmaga söz berdi.
“Biz gozgalaňçylaryň garşysyna geçirýän harby operasiýalarymyzyň gidişinde graždan ilatdan pidalaryň sanyny iň aşak derejä çenli azatlmak baradaky borçlarymyzy ýerine ýetirmeli. Bu juda möhüm” diýip, general Petreus aýtdy.
NATO-nyň baş sekretary şeýle diýdi: “ Strategiýa däl-de, komandowaniýe çalyşdy. Strategiýa öňküligine galýar - “Talybanyň” hem onuň daýanç nokatlarynyň üstünden syýasy we harby ýeňiş gazanyp, şertler mümkinçilik beren badyna howpsuzlyga gözegçiligi ýuwaş-ýuwaşdan owganlaryň özüne tabşyrmak”.
Diňe iýun aýynda Owganystanda ýüzden gowrak daşary ýurt harbysy heläk boldy.