Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şaýy musulmanlarynyň ýokary derejeli wekili aradan çykdy


Ýekşenbe güni Liwanyň paýtagty Beýrutda Ýakyn Gündogaryň şaýy musulmanlarynyň ýokary derejeli wekili, ABŞ tarapyndan terrorizmde aýyplanan Muhammed Huseýn Fadlalla 75 ýaşynda aradan çykdy.

Beýik aýatolla diýen derejesi bolan Fadlalla Liwanyň radikal “Hizbullah” toparynyň dini halypalarynyň biri hasaplanýar. Ýöne ol muny ret edip geldi.

Fadlallany goldaýanlar, oňa eýerijiler esasan Liwanda we Yrakda ýaşaýarlar. Ol Eýrandaky yslam rewolýusiýasyny aktiw goldapdy hem ABŞ-nyň we Ysraýylyň syýasatyny ýiti tankytlapdy.
XS
SM
MD
LG