Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astanada Ýewraziýa Ykdysady jemgyýetiniň sammiti açyldy


Astanada şu gün Ýewraziýa Ykdysady jemgyýetine agza döwletleriň liderleriniň sammiti açyldy.

Ýewraziýa Ykdysady jemgyýetine Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Orsýet, Täjigistan we Ukraina girýär.

Bu ýurtlaryň liderleri Ýewraziýa Ykdysady jemgyýetiniň suduny döretmek barada maslahat etmeli we 2011-nji ýyl üçin býujeti tassyklamaly.

Täze döredilýän sud GDA Gümrük sudunyň ýerini tutmaly.

Soňra Belarusyň, Gazagystanyň we Orsýetiň prezidentleri duşuşyp, özleriniň Gümrük bileleşikleri hakynda maslahat ederler.
XS
SM
MD
LG