Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý amerikan graždanyny 8 ýyl tussaglyga höküm etdi


Hytaýda sud senagat içalyçylygynda aýyplap, ABŞ-nyň graždanyny sekiz ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

“Geolog Sýue Fen hytaýyň nebit senagaty, hususan-da, ýalpak ýerlerdäki nebit ýataklary baradaky gizlin geologik maglumatlary hem dokumentleri ele salyp, olary öz işleýän ýeri - amerikan konsultatiw kompaniýasyna satdy” -diýip, aýyplamada aýdylýar.

Pekindäki amerikan ilçihanasy Hytaý häkimietlerini Sýue Feni eglenmezden azat etmäge hem oňa ABŞ-a dolanmak üçin mümkinçilik döretmäge çagyrdy.

2007-nji ýylyň noýabr aýynda Hytaýda tussag edilen amerikan geologynyň gynamalara sezewar edilendigini mundan öň adam hukuklaryny goraýjylar habar beripdi.
XS
SM
MD
LG