Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesjegini aýdýar


Türk metbugaty daşary işler ministri Ahmet Dawutoglunyň aýdan sözlerine salgylanyp, Ysraýyl Gaza gabawyny böwüsmäge synanan türk kömek gämisine geçirilen reýd üçin ötünç soramasa, Ankaranyň Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny kesjegini habar berdi.

Türk gazetleriniň ikisiniň ýazmagyny görä, Dawutogly Ysraýylyň üç çykalgasy bar, ýa ötünç soramaly, ýa bu reýd barada halkara derňewiniň geçirilmegine rugsat bermeli, ýa-da diplomatiki gatnaşyklary kesmeli diýipdir.

Muňa garamazdan, türk hökümeti Dawutoglunyň bu sözleri barada hiç hili resmi beýanat ýaýratmady.

Ysraýylyň daşary işler ministri Awigdor Liberman muňa jogap edip, öz ýurdunyň ötünç soramak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG