Polýak sudy Ysraýyl Mossadynyň agenti hasaplanýan Uri Brodskini Germaniýa bermegi karar etdi. Germaniýa onuň ýanwar aýynda Dubaýda Hamazyň liderini öldürmek bilen ilteşiklidigini aýdýar.
Sudýa Tomaş Talkiýewiç ýapyk gapylaryň arkasyndaky diňlenşikden soň Uri Brodskiniň ýuridiki proseduralar üçin Germaniýa tabşyryljakdygyny aýtdy.
Uri Brodskiý ýanwar aýynda Mahmud al-Mabhouhy öldürmekde ulanylan german pasportlaryny galplaşdyrmaga kömek etmekde güman edilýär.
Brodskiý Polşada iýun aýynda, Germaniýanyň ýaýradan gözleg-agtaryş talaby esasynda tussag edildi.