Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

NATO ýalňyşlykda 5 owgan esgerini öldürdi


Resmiler NATO-nyň gijeki howa zarbasynda ýalňyşlyk bilen 5 owgan esgeriniň öldürilendigini, 2-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdýarlar. Bu waka ýurduň günortasyndaky Gazni welaýatynda bolupdyr.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň sözçüsi general Muhammad Zahir Azimi owgan esgerleriniň gabaw operasiýasy mahalynda duýduryş bermezden oka tutulandygyny aýtdy. Ol bu hili zadyň ilkinji gezek bolmaýandygyny aýdyp, NATO-ny tankyt etdi.

NATO-nyň sözçüsi Jozef Blotz 5 esgeriň öldürilenini tassyklady we bilelikdäki derňewiň başlanandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG