Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ideologiýa täze bir zady oýlap tapardan ejiz


Ýurtda bolup geçýän wakalary habar serişdeleriniň köpçülige hödürleýşinden çen tutulsa, Türkmenistanda aýakbagy bolýan esasy faktor, her näçe geňem bolsa, türkmen propagandasynyň özi bolup çykýar. Muňa Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasibetli aýdylýan öwgüli, boş sözlerden, dürli söz oýnatmalardanam göz etirmek mümkin.

Gürrüňini edýän ýagdaýymyz diňe şonuň ýaly “şanly sene” bilen çäklenmeýär. Köpçülikleýin habar serişdeleriniň her bir maglumatynda suwjuk, lenji çykan sözler gaýtalanýar.

1930-njy ýyllaryň usuly

Eger 1937-nji ýylda çykan “Prawda” gazetini okasaň, şu günki türkmen neşirleriniň şol bir ulanýan sözlemlerini, tutuş abzaslaryny “Prawdadan” okamak mümkin. Garaşsyz halkara sudunda kimdir biri islese, şu günki türkmen metbugatyny plagiatda, edebiýat ogurlygynda ýüz ugruna aýyplap biler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň 2010-njy ýyldaky ideologik işi formasy hem mazmuny taýdan geçen asyryň 30-njy ýyllarynyň ahyryndaky sowet usulyna gabat gelýär. Diýmek, ýurt öz ösüşinden 70-80 ýyl yza galýar. Onda-da öz-özünden yza galýar. Munuň özi sürçegi çykan pozisiýada saklanyp galmak bilen propagandanyň özi ösüşe badak atýar, häzirki zamanyň özüne, onda ýaşaýan adamlara garşylyk görkezýär diýen pikire getirýär.

Munuň şeýledigini ozaly bilen şol ideologiýanyň döreden baş propagandistik şygary - “Döwlet adam üçindir” diýlen diňe öwmegi maksat edinýän şygaryň ideologiýa laýyk gelmeýändigini tassyklaýar. Ol döwletiň ynandyrmaga edýän synanyşyklaryny adamlaryň nähili kabul edýänliginde has-da aýdyň görünýär. Muňa ýaşaýyş jaýlarynyň depesindäki ýa böwründäki şekiller şaýatlyk edýär.

Şol üçekler diňe bir Aşgabatda däl, ýurduň beýleki şäherlerinde, obalarynda çanak antennalar bilen bezelen. Olaryň aglaba bölegi “Ýamal” sputnigine gönükdirilen. Ilat köpçüligi alternatiw maglumat çeşmelerine, ozaly bilen Orsýetiň telekanallaryna ýüzüni öwürdi. Başga sözler bilen aýdylanda, ýönekeý graždanlar döwlet propagandasy bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan elli bizar, ondan gaçmaga synanyşýarlar.

Goşa durmuş

Türkmen jemgyýeti goşa durmuş şertlerinde ýaşaýar. Beýle diýildigi türkmen propaganda apparatynyň adam üçin däl-de, özi üçin işleýändigini aňladýar. Şol bir wagtda-da döwlet maşyny bilen jemgyýetçilik aňynyň arasynda tapawut diňe barha ulalmak bilen. Könelişen propaganda materiallaryny adamlar kabul edip bilmeýär, ideologiýa bolsa täze bir zady oýlap tapardan ejiz. Hut şu ýagdaýam ýurduň öňe däl-de, diňe yza tesmegine getirýär.

Mundan iň köp ýaş nesil jebir çekýär. Häzirlikçe ýokary tehnologiýa eýýamy bilen konflikte girip, propagandistik praktika ýaşlaryň elini-aýagyny güýlüp taşlady. Ýaşlaryň aňy özüniň intellektual isleg talaplary bilen häkimiýetleriň talaplarynyň arasynda iki jahan owarrasy bolup dur. Eger munuň üstüne režimiň öňündäki genetik gorkynam goşsaň, olar döwlet bilen bir giňişlikde bolmakdan ägirt uly psihik hem psihologik basyşy başdan geçirmäge mejbur bolýar.

Indi diňe öz güýjüňe hem ugur tapyjylygyňa bil baglamak galýar. Sebäbi şygar äpet ýylanyň halas bolmaga hiç bir şansy bolmadyk biçäre towşany özüne dartyşy ýaly dartyp dur.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG