Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köne ýaranyň üstünden basyldy


Türkmen režimi ýene-de köne ýarasynyň üstünden basdy. Goşa raýatlygy bolan onlarça müň adamyň ýurtda bolmagy bilen Aşgabatda resmi edaralaryň şu wagta çenli oňşup gelmegi kimdir birilerinde geň galma duýgusyny döretmegi mümkin.

Bu işiň soňuna nokat goýmaga synanyşyk öňem bolupdy. S.Nyýazow Moskwa bilen açyk jedele giripdi, ýöne ol netijesiz tamamlanypdy. Özi üçin şunuň ýaly ýakymsyzlykdan, oňaýsyzlykdan dynmaga çalyşmak berk režimlere mahsus häsiýet.

Orsýetiň graždanlygy bolan türkmen raýatlary özboluşly bijede ýa lotoreýada utuş gazanan adamlar ýalydy. Olar şu ýerde-de bolup bilýärler, ol ýere-de gidip gelýärler. Orsýetde saglygyny bejerdýärler. Eger isleseler, şol ýerde galybam bilýärler.

Ol şunuň ýaly ýeňilligi bolmadyk adamlarda iki pasportly adamlaryň bagtyna gözügidijilik duýgusyny, şol bir wagtda-da özleriniň çykgynsyz ýagdaýyna düşünmek duýgusyny oýarýar.

Bu ýagdaý häkimiýetleriň göz alynda diýseň agyr faktor. Çünki, ýurtda ikinji bir çykalgasy, goşmaça mümkinçiligi bolan köp sanly adam ýaşaýarka, nähili berek, hemmeleri özüne tabynlykda saklap bilýän režim ýagdaýa doly eýeçilik edip bilmeýär. Goşa raýatlygy bolanlaram gözegçilik astynda, ýöne beýleki ýönekeý adamlar ýaly häkimiýetleriň doly gözegçiliginde däl.

Birinjiden, bu ýagdaý jemgyýetiň üstünden gözegçilik etmek tabşyrylan edaralaryň myrryhyny atlandyrýar. Şonuň üçin olar pursaty gelende, ýakynda Moskwa gitmek islän goşa raýatlygy bolan onlarça adamyň başyna Aşgabat aeroportunda getirilen ýagdaý ýaly hereketlere ýüz urýarlar.

Goşa raýatlyk doly ýatyrylýança, ýurduň ideologiýa-gözegçilik edaralary tarapyndan şeýle hereketleriň ýene-de dowam etdiriljekdigini çak etse bolar. Taryha nazar aýlansa, gazaply häkimiýetleriň zorluk, rehimsizlik bilen öz graždanlaryny özüne doly garaşly, bakna etmek ugrunda hereket edendigi görünýär. Bu ýagdaý şunuň ýaly uçdan-tutma gulçulykdan gaçmaga, ondan gutulmaga mümkinçiligi bolan adamlara has-da degişli.

Ätiýaçlyk aerodromy

Kollektiwizasiýa – köpçülikleýin kolhozlaşdyrma döwründe Sowet häkimiýeti bilen hyzmatdaşlykdan ýüz öwren, özdiýenli daýhanlar üçin Staliniň sistemasy jezanyň aýratyn bir görnüşini oýlan typypdy. Ol daýhanlaryň ganjaryp duran ýarasyna taýak urmak, oňa duz sepmekdi. Daýhanlarda şahsyýetini tassyklaýjy baş dokument- pasport ýokdy. Şol jeza SSSR diýlen äpet döwletiň oba ýerlerindäki daýhanlaryň ählisine degişlidi.

Şu usul bilen Stalin daýhanlaryň barysyny bir meňzeş hukuksyzlyk ýagdaýyna saldy, olary ýerli başlyklaryň gullaryna öwürdi, şolaryň erk-ygtyýaryna tabyn etdi. Diýmek, türkmen häkimiýetleriniň goşa raýatlykdan gutulmak üçin edýän häzirki hereketleri häkimiýetiň özi tarapyndan berilmedik islendik, emma ýurtda bar mümkinçiliklerden halas bolmaga, gutulmaga ýapyk, kähalatlarda açyk synanyşykdyr.

Halkara jemgyýetçiligi tarapyndan repressiw atlandyrylýan režimlerde goşa raýatlyga, uçarmanlaryň dili bilen aýdylanda, gonmak üçin ätiýaçlyk aerodromy, howa meýdany hökmünde garalýandygyny hasaba almazlyk mümkin däl. Islendik garaşylmadyk çylşyrymly pursatlarda, kyn ýagdaýlarda şol howa meýdanyndan peýdalanyp bolýar.

S.Nyýazow belli bir derejede özüni doly hojaýyny, hökümdary saýmazlyga biraz mümkiniçligi bolan adamlaryň şol biraz erkinligi bilen ylalaşmandygy üçin ýurdy daşary dünýä üçin berk ýapypdy. Ýöne häzirki režim özüni guran, döreden adamdan gutulsa-da, guýrugynyň yzyndan ylgap, öz-özünden gutulyp bilenok.

Aleksandr Narodetski postsowet döwletleri boýunça britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürlen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG