Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran 20% baýlaşdyrylan uranyň 20 kg golaýyny öndürdi


Eýranyň düýn ýaýradan habaryna görä, olar 20 prosent baýlaşdyrylan uranyň 20 kilograma golaýyny öndürdi. Bu barada Eýranyň ýadro meselesi boýunça baş wekili Ali Akbar Salehi resmi ISNA agentligine aýtdy.

Salehi şu ýylyň sentýabryna çenli Tährandaky barlag geçirýän reaktory özleriniň baýlaşdyrylan urany bilen üpjün edip biljekdiklerini hem sözüne goşdy.

Dünýä jemgyýetçiligi urany baýlaşdyrmagyy bes etmäge Eýrana yzygiderli çagyryş edip gelýär. Eýranyň baýlaşdyrylan urany ýadro ýaragyny edinmek üçin ulanmagy mümkin diýilýär.
XS
SM
MD
LG