Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adam hukuklaryny goraýjylar ors sudunyň kararyny ýazgarýarlar


“Gadagan edilen sungat” atly sergini gurnaýjylara garşy Moskwanyň Taganskiý sudunyň çykaran hökümini adam hukuklaryny goraýjylar ýazgardylar.

Saharowyň adyny göterýän muzeýiň öňki başlygy Ýuriý Samodurow we 2007-nji ýylda gurnalan serginiň ýolbaşçysy Andreý Ýerofeýew dini ýigrenji oýaranlykda aýyplandylar. Sud olaryň 200 we 150 müň rubl jerime tölemelidigi barada karar çykardy.

Adam hukuklary boýunça “Memorial” toparynyň başlygy Oleg Orlow: “Sol sergi üçin şeýle hökümiň çykarylmagy utanç, bu döwletiň etjek işi däl” diýdi.

Orsýetiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Lukiniň aýtmagyna görä, sud sergi bilen bagly jedeliň çözülýän ýeri däl.

Sergini gurnaýjylar suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG